Iň uzak ýaşly pişik Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Iň uzak ýaşly pişik Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Beýik Britaniýada ýaşaýan Flossi lakamly pişik häzirki wagtda iň uzak ýaşly pişik hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol häzir 27 ýaşynda, bu adam ömrüniň hasabynda 120 ýaş töweregidir.

Bu barada ýurduň Cats Protection edarasynyň wekili Naomi Rosling habar berdi.

Pişik ilkinji eýesine 1995-nji ýylda birnäçe aýlykka düşdi. Ol mundan öň öýsüzdi. Eýesi aradan çykandan soňra Flossini onuň aýal dogany aldy. Ikinji eýesi hem aradan çykandan soňra pişik 24 ýaşynda Cats Protection edarasyna düşdi. Ony ol ýerden Wki Grin atly zenan aldy.

Täze eýesiniň aýtmagyna görä, Flossi ýaşyna garamazdan, bilesigeliji, oýnamagy halaýar, ol ker we ýaramaz görýär, emma onuň öňküsi ýaly işdäsi açyk, süýji naharlanmagy halaýar diýip, News.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda şu gün 8-nji sentýabr
“Masters” ýaryşlarynyň ussady
Zenanlara niýetlenen bahar gülleri
Täze film
Möwsümi Barti jemledi
Ýaponiýada Jokowiç, Hytaýda Tim ýeňiş gazandy