Iň Uly Puşmanlygym Netanýahunyň Gazada Edenleriniň Öňüni Alyp Bilmezligim

Iň Uly Puşmanlygym Netanýahunyň Gazada Edenleriniň Öňüni Alyp Bilmezligim

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasatlary boýunça Ýokary wekili Žozep Borrell 5 ýyl boýunça alyp baran wezipesinde “iň uly puşmanlygynyň, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň Gazada edenleriniň öňüni alyp bilmezlikdigini” aýtdy.

Ispaniýanyň paýtagty Madritdäki Amerikan öýünde geçirilen maslahatda çykyş eden Borrell, ÝB-niň Ysraýyla täsiriniň ýokdugyny, “ýeke-täk ýurt sebäpli bu meselede jebisligiň ýokdugyny” beýan etdi.

“Iň uly puşmanlygym Netanýahunyň Gazada edenleriniň öňüni alyp bilmezlik boldy” diýen Borrell; “Hamasyň elhenç terror hüjümlerinden soň Gazada 40 müňe golaý adamyň, ençeme zenanyň we çaganyň ölmegi, ÝB-niň hüjümleriň bes edilmegi we syýasy çözgüt tagallasynda jebisligiň ýola goýulyp bilinmezligi tamalary puja çykardy. Birnäçe aýdan bäri Netanýahudan edenlerini etmezligini isledik” diýdi.

Borrell “Gaza, bölümen mahalymyz esasy geosyýasy güýç bolmandygymyzyň esasy delilidir. Ukrainada suwuň we azygyň kesilmegini harby jenaýat hökmünde ýazgarýan bolsa, ony Gaza üçin hem etmelidik” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýyldaky Protest Ýörişleri Dowam Edýär
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Netanýahu: "Ysraýyla kyn günler garaşýar" diýdi