Iň uly nebit-gaz platformasy guruldy

Elektroulaglaryň iň köp öndürilýän we satylýan ýurdy bolan Hytaýda bu ugurda täze tehnologiýalar hem işlenip taýýarlanýar. Ýurduň XPeng kompaniýasy 5 minutlyk zarýady bilen 300 kilometre ýetjek zarýad berýän bekedi işläp taýýarlady.

S5 atly zarýad bekediniň 800 kW kuwwaty bolup, elektroulaglara bir sekuntda bir kilometrden gowrak ýoly geçmäge ýetjek zarýad berip bilýär.Täze zarýad bekediniň ýylyň üçünji çärýeginde satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.

Elektroulaglaryň ýaýbaňlanmagyndaky päsgelçilikleriň biri zarýad beketleriniň ýaýrawynyň azdygy hem-de bu ulaglara zarýad bermegiň köp wagt alýandygydyr.Zarýad beketleriniň ýaýramagy hem-de has çalt zarýad berýän tehnologiýanyň peýda bolmagy bilen daşky gurşaw üçin zyýansyz ulaglaryň satuwynyň has-da artmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Elektroulag satuwynda täze rekord
Hytaýly alymlar adamy göze görünmeýän edýän material oýlap tapdylar
Türkmenistanda Gazagystanyň Prezidentiniň resmi saparyna garaşylýar
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
Indoneziýada 21 ýaşdan kiçi raýatlara çilim satmak gadagan
Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti