IŇ SOŇKY ÝAPRAK

Nýu-Ýorkuň “Waşington Seýilgähiniň” günbataryndaky gadymy Grinwiç-Willij etrabynyň bir çetinde penjireleri demirgazyga açylýan, XVIII asyrdan galan golland mansardly binada sungat adamlary ýaşaýardy.Onçakly beýik bolmadyk üç gatly kerpiç binanyň ýokarkysynda Sýu we Jonsiniň studiýasy ýerleşýärdi. “Jonsi” Joannanyň gysgaldylan adydy.

Olaryň biri Men, beýlekisi bolsa Kaliforniýa ştatyndandy.Bu iki gyz Nýu-Ýorkuň sekizinji köçesinde ýerleşýän “Delmonico’s” garbanyşhanasynda stoluň başynda tötänden tanyş bolupdylar.Olaryň sungata, aşpezlige we modaly köýneklere bolan garaýyşlary gabat gelip, netijede, bilelikdäki studiýalaryny açypdylar.

Bu maý aýynda bolupdy.Emma şol ýylyň noýabrynda demirgazykdan gelýän yzgytsyz sowuk şemal ýukarak geýnen naşyja gyzyň badyny garaharsaň baglan egrem-bugram dar geçelgelerde haýallatdy.Jonsi öýkenini sowuklatdy; ol reňklenen demir krowatynda gozganman ýatyşyna, kiçijik golland penjiräniň aýnasyndan garşysyndaky kerpiç jaýyň boş diwaryna seredýärdi.

Irden Jonsiniň gyzgynyny barlamaga gelen işi başyndan agdyk gür gaşly lukman Sýuny dälize çagyrdy.Ol elindäki termometriň simabyna kakyp:

Onuň sagalmak mümkinçiligi ondan bire deň. Ol mümkinçilik hem onuň özüne bagly. Eger-de ol sagalmaga umydyny ýitirse, dermanlaryň hem peýdasy degmez. Siziň bu näzijek gyzyňyz indi gowulaşmaryn diýip pikir edýär. Eýsem, onuň pikirinde bir zatlar barmy? diýip sorady.

Hawa, bir gezek ol Italiýadaky Neapolitan aýlagynyň suratyny çekmek isläpdi.

O zatlar hiç-le! Meň diýjek bolýanym, onuň göwnünde, hakykatdan-da, iki esse pikir edeniňe degýän zat, mysal üçin köňül berýäni dagy ýokmy?

Köňül berýänimi? diýip, Sýu jogap berende, onuň sesi aljyraňňylykdan sandyrap çykdy. Dogrusy, lukman, beýle zatlar ýok.

Men lukman hökmünde elimden gelenini edeýin. Ýöne meniň syrkawym umydyny elden berse, onda däri-dermanlaryň täsiri elli göterim azalar. Eger-de ol sizden täze çykan köýnekleriň biçüwleri barada soraşdyryp başlasa, onda men bu gyzyň sagalmak mümkinçiliginiň ondan bir däl-de, bäşden birdigini ynamly aýdyp biljek diýip, lukman aýtdy.

Lukman gidenden soňra, Sýu iş otagyna gitdi we jorasynyň halyna gynanyp gözüne ýaş aýlady.Soňra ol eline çyzgy tagtasyny alyp, içini hümledip, Jonsiniň otagyna girdi. Ýüzüni penjirä öwrüp ýatan Jonsi, ýorganyň astyndan zordan görünýärdi.

Sýu ol ýatandyr öýdüp, aýak çekdi.Ol surat çekilýän tagtasyny gurnap, žurnal hekaýasy üçin tuş bilen surat çekmäge başlady. Ýaş suratkeşler edebiýatda ýaňy yz goýup ugran ýaş ýazyjylaryň žurnal hekaýalary üçin surat çekip, sungatda kämillik ýoluna düşýärdiler.

Sýu hekaýadaky üýtgeşik balakly, gözi äýnekli aýdoholy kowboýuň şekilini çekip otyrka, birdenem birnäçe gezek gaýtalanýan ýuwaşja sese biygtyýar diňşirgendi.Ol gyssanmaç Jonsiniň ýatalgasyna golaýlaşdy.Jonsiniň gözleri açykdy, penjireden daşary seredip bir zatlar sanaýardy. “On iki” diýip seslendi-de, az wagtdan “on bir”, soňra “on”, “dokuz”, soň “sekiz”, “ýedi” diýip pyşyrdady.

Sýu aladaly halda penjireden daşaryk göz aýlady. Eýsem, o ýerde sanar ýaly näme barka? Ýaş gyzyň nazary diňe ýürekgysgynç boş howluda hem-de ýigrimi ädimlikdäki kerpiç jaýyň diwarynda eglendi. Düýbi çüýräp giden garry çyrmaşygyň ösüntgileri kerpiç jaýyň ýarysyna ýetipdir. Çyrmaşygyň çybyjaklary gumy dökülip ugran kerpiçlere ilişip ýetişmänkä, güýzüň sowuk demi onuň ýapraklaryny goparyp taşlaýardy.

Gadyrdan, aýtsana, sen näme sanaýaň? diýip, Sýu soragly nazaryny Jonsä dikdi.

Alty diýip, gyz ýuwaşja pyşyrdady. Indi olar has tiz dökülýärler. Üç gün mundan ozal, olaň sany ýüz dagy bardy. Olary sanamakdan ýaňa başym agyryp gitdi. Ýöne indi aňsat. Hana ýene-de biri gaçdy. Indi diňe bäş sanysy galdy.

Nämäň bäşi galdy gadyrdan. Maňa aýtsana?

Çyrmaşygyň ýapraklary. Haçan-da iň soňkusy gaçan-da, meniňem ömrüm paýawlaýar. Munuň üç günden uzaga çekmejekdigini anyk bilýän. Eýsem, lukman saňa bu barada hiç zat aýtmadymy?

Şeýle bolgusyz zat barada birinji gezek eşidýän diýip, Sýu çynlakaý närazylygyny bildirdi.Seniň gutulmagyňa çyrmaşykdaky gury ýapraklaryň näme dahyly bar?Megerem, bu seniň çyrmaşyklary gaty gowy görýänligiň üçin şeýle bolandyr, diýen etmezek näzli gyz!

Samsyk bolma!Hawa, lukman bu gün seniň bahym gowulaşjakdygyňy aýtdy, hany onuň aýdanlaryny anyklaşdyraly mümkinçiligiň ondan birdigini aýdan eken.Hawa, bu Nýu-Ýorkda tramwaýda gezelenç etmek ýa-da täze gurlan binanyň golaýyndan geçmek ýaly ajaýyp mümkinçilik.

Häzir biraz çorba içmäge jan et-de, çekip oturan suratymy tizräk dynmaga ygtyýar ber.Onsoň men ony redaktora eltip bereýin, düşen puluna bolsa, däri-derman, iýmit alaýyn.

Hiç zat azar edinmäň! diýip, penjireden gözüni aýyrman ýatan Jonsi biperwaý jogap berdi. Hana, ýene-de birisi gaçdy. Ýok, meň çorba içesim gelenok. O ýerde indi diňe dördüsi galdy. Iňrik garalmanka iň soňky ýapragyň gaçyşyny göresim gelýär. Şonda menem gutarýan.

Sýu onuň üstüne eglip: Gadyrdan Jonsi diýip söze başlady. Men işimi gutarýançam gözleriňi ýumup, penjirä tarap seretmezligi maňa söz berýäňmi? Men bu suraty ertir hökman redaktora gowşurmaly.

Eýsem, sen başga otagda çekip bileňokmy? diýip, Jonsi sowuk nazaryny oňa aýlady.

Men seniň ýanyňda bolmagy makul bildim diýip, Sýu aýtdy. Galyberse-de, seniň bu bolgusyz ýapraklara seretmegiňi islämok.

Jonsi gözlerini ýumup, gymyldaman ýatyşyna:

Gutaran badyňa maňa aýt, çünki soňky ýapragyň nädip düşüşini göresim gelýär. Men garaşyp ýadadym. Men pikir edip hem ýadadym. Men ähli zatdan halas bolup, edil beýleki ýönekeý, argyn ýapraklaryň birisi ýaly aşak gaýyp düşesim gelýär diýdi.

Uklajak bol! diýip, Sýu aýtdy. Men magdançynyň keşbinde nusga bolup, garşymda oturmagy üçin garry Bermany öýe çagyrjak bolýan. Az salymdan gelýän, men gelýänçäm uklajak bol!

Sýu perdäni sekirtmä çenli doly goýberip, çykyp gitdi.Berman aşaky gatda ýaşaýan bir suratkeşdi.Ol altmyş ýaşy ýaňy arka atypdy; Moiseý Mikelanjelonyňky ýaly buýralanan sakgally, keltejik boýly adamdy.

Bermanyňky sungatda şowuna bolmandy.Ol kyrk ýyl bäri ajaýyp sungat eserini döretmegiň küýündedi, ýöne ol bu işe henizem girişmändi.Onuň şunça ýylyň içinde söwda mazamlamalary üçin çeken suratlaryndan başga eden işi ýokdy.

Ol bu etrapdaky ýaş suratkeşleriň garşysynda nusga hökmünde oturyp, az-owlak gazanç edýärdi.Ol köplenç özüniň geljekde döretjek sungat eserinden söz açýardy.Adamlaryň dogumly häsiýetlerini ileri tutýan bu garry özüni ýokarsyndaky studiýada işleýän iki ýaş gyzyň howandary saýýardy.

Sýu onuň ýarym garaňky öýüniň işiginden ätlände, içerde arça miwesiniň ysy bark urýardy. Öýüň bir künjündäki üç aýakly stoljugyň üstünde bolsa, sungat eseriniň ilkinji çyzgylaryna garaşýan kendir mata ýigrimi bäş ýyl bäri şo ýatyşyna ýatyrdy.

Sýu oňa Jonsiniň düşen ýagdaýy hem-de daşky dünýä bilen aragatnaşygy haýallan ejizden näzik jorasynyň ýaprak ýaly gaýyp giderinden howatyr edýändigi dogrusynda gynanyp gürrüň berdi.

Garry Bermanyň gözlerine aýlanan ýaş syrygyp gaýtdy hem-de beýle bolgusyz ham-hyýallary näletläp:

Bu näme boldugy-ka? diýip, ol seslendi. Beýle-de bir samsyklyk bolar oguşýa. Indi çüýrän çyrmaşygyň ýapraklary dökülýär diýip, ýagty jahan bilen hoşlaşybermelimikä! Men beýle zat barada ozal eşitmändim. Birinji gezek eşidýän. Beýle ýagdaýda men magdançynyň keşbinde oturyp bilsem-ä boljak.

Ol juda gowşak diýip Sýu aýtdy. Galagoply ýagdaýy sebäpli onuň kellesine dürli-dürli pikirler gelýär. Bor, jenap Berman, eger-de gelip bilmejek bolsaňyz, zeleli ýok. Siziň şol bir hötjetligiňiz, şol bir lakgylygyňyz.

Ine, saňa gerek bolsa! diýip, Berman gygyrdy. Eýsem, kim saňa “men oturyp biljek däl” diýip aýtdy? Ýöräli onda. Men ýöne şeýle agyr ýagdaýda hanym Jonsä biwagt päsgel beresim gelmedi. Menem ahyr bir gün öz sungat eserimi döretsem gerek.

Sýu we Berman ýokary galanlarynda, Jonsi uklap ýatyrdy.Olar penjiräň ýanyna baryp, perdäniň gyrasyndan çyrmaşyga howsala bilen seretdiler.Daşarda gar gatyşykly ýagyş dynman guýýardy.Berman özüniň köne gök köýnekçesinde daşyň deregine düňderilen bedräniň üstünde magdançynyň keşbine girip oturdy.

Surat çekmek bir sagatdan köp uzaga çekmedi.Soňra Berman öýüne gaýtdy.Ertesi irden Sýu az wagtlyk ukusyndan oýananda Jonsi öçügsi gözlerini perdä dikip ýatyrdy.

Perdäni ýokary çeksene, meň daşaryny göresim gelýär diýip, gyz ýatan ýerinden pyşyrdady. Sýu ýadaw halda perdäni galdyrdy.

Soňra näme bolandyr öýdýäňiz! Bütin gije dowam eden güýçli ýagşa, çapgyn şemala garamazdan, kerpiç diwaryň ýüzündäki çyrmaşygyň bir ýapragy henizem durdy. Bu iň soňky ýaprakdy. Gyralary biraz saralan goýy ýaşyl ýaprak ýerden ýedi metr ýokarda heniz hem öz baldagynda sarsman durdy.

Bu, iň soňkusy diýip Jonsi aýtdy. Men ol hökman gije gaçar diýip, pikir etdim. Men ýeliň şuwwuldysyny eşitdim. Ol şu gün gaçar, menem şol bir wagtda dünýämi täzelärin öýtdüm.

Jan joram diýip, Sýu onuň ysgynsyz başyny ýassyga goýdy: Sen özüň hakda pikir etmeseň-de, men hakda pikir edäý! Sen bolmasaň men näderin?

Ýöne Jonsi jogap bermedi. Onuň ýalan ynamlary hakyky durmuş bilen baglanyşdyrýan menzillerinden jyda düşürendigine görä, has-da güýjän ýalydy.

Gyzlar iňrik garalandan soňam çyrmaşygyň ýeke-täk ýapragynyň kerpiç diwaryň ýüzündäki baldagynda sarsman durandygyny gördüler. Soňra ýene-de demirgazykdan öwüsýän ýeller güýjäp ugrady, ýagyş golland üçeginiň örtüginden aldygyna aşak guýýardy.

Haçan-da älem-jahan ýagtylanda, Jonsi ýene-de perdäni çekmegi haýyş etdi. Çyrmaşygyň ýapragy henizem ol ýerde durdy. Jonsi uzak wagtlap oňa seredip ýatdy. Soňra ol gaz plitasynda towuk çorbasyny gyzdyryp duran Sýuni ýanyna çagyrdy.

Sýu, men erbet gyz, meniň näderejede ýaramazdygymy özüme görkezmek üçin haýsydyr bir näbelli güýç iň soňky ýapragy o ýerde galmaga mejbur edýär diýip, Jonsi aýtdy. Indi siz maňa biraz çorba, soňra hem süýt getirip beräýiň. Ýogsa-da, men oturmaga synanyşyp, seniň nahar taýýarlaýşyňy synlajak. Sýu, menem ahyr bir gün Neapolitan aýlagynyň suratyny çekerin.

Günortadan soň, lukman geldi. Ol gaýdansoň Sýu haýsydyr bir sebäp bilen onuň yz ýanyndan dälize çykdy. Lukman Sýunyň titreýän horja ellerini gysyp:

Mümkinçilik bar. Oňat gözegçilik bilen siz üstün çykarsyňyz. Indi men aşakdaky ýene-de bir nähoşa seredip geçmeli. Onuň ady Berman. Özem suratkeş bolmaga çemeli. Ol hem öýkenini sowukladypdyr. Onuň ýaşy eýýäm durugşan, örän gowşak, keseli agyr. Oňa umyt az, ýöne özüni has ynjalykly duýmagy üçin şu gün ol hassahana ýerleşýär.

Ertesi gün lukman Sýua garap şeýle diýdi:

Oňa indi abanýan howp ýok. Siz ähli zady ýeňip geçdiňiz. Indi bolsa, diňe iýmitine seretmeli we ruhy goltgy bermeli.

Ol günortadan soň Jonsiniň otagyna girende, jorasynyň ýüň jorap örüp oturandygyny görüp, begenjinden ýüzi ýagtylyp gitdi.

Janym, men saňa bir zatlar aýtmaly boljak diýip, Sýu söze başlady.Jenap Berman şu gün hassahanada öýken keselinden aradan çykdy.Ol bary-ýogy iki gün ýatdy.

Dostlarynyň biri irden onuň öýüne baranda ýarawsyz halda ýatandygyny görüpdir.Onuň aýakgaby we eşikleri öl-myžžyk bolup, sowuk howada büs-bütin ezilipdir. Şeýle gorkunç gijäniň içinde onuň nirede bolandygyny hiç kim göz öňüne-de getirip bilmändir.

Soňra ýanyp galan fonar, ýerinden eýläk-beýläk süýşürilen merdiwan, soňra çalam-çaş bolup ýatan birnäçe çotga hem-de üstünde sary we ýaşyl reňkler garylan tagtajygy tapypdyrlar.Gadyrdan, diwaryň ýüzündäki iň soňky çyrmaşyk ýapragyna ýene-de bir gezek göz aýla.

Eýsem, ýel öwüsýärkä, näme üçindir onuň hiç hili yrgyldaman, şol bir durşyna durandygy seni geň galdyrmadymy?Wah janym, şo ýaprak Bermanyň ajaýyp sungat eseri.Berman ony iň soňky ýaprak gaçansoň, gijäň içinde seniň üçin diwara çekip gidipdir.

Terjime eden

Ýegenmämmet TAÝLYÝEW.

“Zaman-Türkmenistan”.

Ýene degişli makalalar

Ali Ýerlikaýa Şyrnakda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylar barada beýannama berdi
Dostlukly Zähmet dermanhanasy öý üçin lukmançylyk enjamlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär
Dostlukly Zähmet dermanhanasy saglyk we gözellik harytlarynyň köp görnüşlerini hödürleýär
Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi
Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi
Aşgabatda möwsümleýin dümew keseliniň täze tolkuny ýaýraýar