Iň şöhleli smartfonlaryň sanawy neşir edildi

Iň şöhleli smartfonlaryň sanawy neşir edildi

Bankless Times neşiri dünýäniň radioýygylyk şöhleliligi iň ýokary kuwwatlylykda bolan smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi. Şöhleliligi has ýokary bolan Top 10 smartfonuň başyny SAR 1,79 Wt/kg ölçegli Motorola Edge kysymly smatfon çekýär. 4pda.to web saýtynyň bellemegine görä, onuň bu ölçegi FDA amerikan regulýatory tarapyndan maslahat berilýän ortaça kesgitli 1,6 Wt/kg derejesinden görnetin uludyr.

Garşylyklaýyn sanawyň ikinji basgançagyny 1,59 Wt/kg SAR görkezijili ZTE Axon 11 5G kysmy, üçünji orny bolsa OnePlus 6T smartfony (1,55 Wt/kg) eýleýär.

Bular bilen birlikde degişli sanawda Sony Xperia XA2 Plus we Google Pixel 3 XL, Google Pixel 4a, OPPO Reno5 5G, Sony Xperia XZ1 Compact, şeýle hem Pixel 3 esaslyk görnüşli smartfonlary we onlugyň soňky ornunda bolsa OnePlus 6 durýar.

Häzirki wagtda ylmy nukdaýnazardan seredilende, radioýygylyk şöhleleriniň ynsan saglygyna ýetirýän ýaramaz täsiri barada hiç zat aýdylmaýar. Mysal üçin, 2G-den 4G aragatnaşyk tutuşy 0,7-2,7 GGs diapazonynda şöhlelendirse, 5G enjamlar 80 GGs ýygylygynda işläp bilýär. Beýle ýygylyklar bolsa ionlaýjy bolmaýar, olaryň kiçi göwrümli energiýasy bolsa onkologiýa keselleriniň döremegine esas bolup bilýän DNK-nyň üýtgemegi üçin ýeterlik däldir.

Ýene degişli makalalar

Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
Hytaýda 240 Wt kuwwatly dünýäde iň çalt zarýad beriji dörediler
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
30 müň ýyllyk janly ulgam tapyldy
AnTuTu fewral aýynyň iň kuwwatly smartfonlaryny belli etdi
Oýun kompýuterlerinde iň belli prosessorlaryň we wideo kartalaryň reýtingi täzelendi