Iň meşhur smartfon öndürijileri belli boldy

Iň meşhur smartfon öndürijileri belli boldy

2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemine görä, Samsung kompaniýasy smartfon bilen üpjün etmekde Apple-den öňe geçdi. Bu barada “Bankless Times” neşiriniň gözlegine salgylanyp, Gizchina portaly habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Samsung-yň umumy üpjünçilik göwrümi 73,6 mln gurluşa deň boldy.Bu döwürde kompaniýanyň global smartfon bazaryndaky paýy 23,4% boldy. Şol bir wagtyň özünde, Apple bazara 56 mln gajet iberip, bazaryň 18%-ini eýeledi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 2,2% köpdür. Üçünji orunda 39,9 mln smartfon we 13% bazar paýy bilen Xiaomi ýerleşýär.

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende kompaniýanyň ösüşi, takmynan, 18% peseldi.Iň uly brendleriň bäşligini 27,4 mln we 25,3 mln smartfon hem-de 8,7% we 8,1% bazar paýy bilen Oppo we Vivo kompaniýalary jemleýär.

Bu kompaniýalar hem pese gaçyşy hasaba aldylar, ýagny Oppo 27%, Vivo 28% pese gaçyşy görkezýär.IDC-niň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde smartfon üpjünçiligi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,9% azaldy.

Bu eýýäm smartfon üpjünçiliginiň peselendigini görkezýän bassyr üçünji çärýekdir.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Bilermenler iň meşhur el telefonlaryny saýladylar
Siriýa bahar gyşda geldi
Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar
“Oppo”-nyň täze enjamlary
Idlibe howa hüjümi guraldy
'Türkmen depderleri'. Dürli ýurtlardan bolan aktiwistler başga pikirliligiň türkmen taryhyna degişli proýekt döretdi