2022-nji ýylyň birinji çärýeginde iň meşhur eplenýän smartfonlaryň sanawynda Samsung-yň gurluşlary öňdebaryjy bolmagy dowam etdirýär. Bu barada Display Supply Chain Consultants kompaniýasynyň (DSCC) hasabatynda aýdylýar diýip, lenta.ru belleýär.
Onuň maglumatlaryna görä, birinji çärýekde eplenýän smartfonlaryň üpjünçiligi ýyllyk hasabynda 571 göterim ýokarlanyp, 2,22 mln birlige ýetdi. Ýokary görkezijilere garamazdan, rekord dereje 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde gazanyldy, şonda 4,2 mln gurluş satyldy.
Bazaryň lideri 74 göterim paý alan Samsung boldy.Ikinji orunda 20 göterim paý bilen Huawei, onuň yzyndan hem hytaý brendleri ýerleşdi.Birinji çärýegiň netijelerine görä, iň meşhur eplenýän smartfon Samsung Galaxy Z Flip 3 boldy. Üçlüge Galaxy Z Fold 3 we Huawei P50 Pocket girdi. Üpjünçiligiň 91 göterimi bu üç modeliň paýyna düşýär.