Iň meşhur “Android” smartfonlar

“AppBrain” maslahat beriş şereketi dünýäniň iň ýaýran smartfonlarynyň sanawyny taýýarlady.Sanawyň başynda 2020-nji ýylda satuwa çykarylan “Samsung Galaxy A12” modeli bar.Ikinji orunda “Galaxy A21”, üçünji ýerde “Galaxy A10” bar.

Iň köp ýaýran telefonlaryň ilkinji onlugynda “Redmi 9A”, “Redmi Note 8” we “Vivo 1906” smartfonlaryndan galany “Galaxy” seriýasyna degişli.Koreý brendiniň bu telefonlary arzan hem-de ýokary hilli bolmagy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem, “AppBrain”-iň geçiren barlagyna görä, “Samsung” %34,5 göterimlik paý bilen “Android” smartfon önümçiliginde dünýäde öňdeligi eýeleýär.

Bu ugurda “Xiaomi” %14,4, “Oppo” %10,4, “Vivo” %9,8 we “Huawei” %6,8 ýaly hytaý brendleri öňdeligi eýeleýär.

Bazardaky “iOS” amaly ulgamly telefonlar 28 göterimlik paýy emele getiripdir.

Sähetmyrat Goşaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Hytaýda iň meşhur smartfonlar belli boldy
Ekologiýa taýdan has howpsuz smartfon öndürijileriň reýtingi
Eplenýän telefonlaryň meşhurlygy artýar
Bilermenler iň meşhur el telefonlaryny saýladylar