Iň kyn diller

Halk arasynda Dil bilen il gezer, Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam, Dil baýlygy il baýlygy ýaly dil bilen baglanyşykly birnäçe nakyllara duşmak bolýar.

Adamzadyň ýaşaýşy dili bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.Dil adamlaryň arasynda düşünişmek guraly bolup hyzmat edýär.Dil biziň özümizi we gaýry zatlary aňlatmagymyza kömek edýär.Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin birnäçe mümkinçilik bar. Ýöne muňa garamazdan, ilki bilen olaryň kynlyk derejesini bilmek möhümdir.

Käbir dili özleşdirmek aňsat bolsa-da, käbiri has çylşyrymly bolýar.Täze bir dili öwrenmegiň aňsatlygy ýa-da kynlygy diňe bir onuň grammatikasy ýa-da söz baýlygy bilen däl, eýsem, biziň dilimize meňzeşligi ýa-da däldigi bilen hem baglydyr.

Bu makalamyzda dünýäniň iň kyn dilleriniň sanawyny taýýarlamagy makul bildik:

Hytaý dili

Koreý we beýleki käbir diller bilen bir hatarda hytaý dili dünýäniň iň kyn dilleriniň biri hasaplanýar.Sebäbi bu dilde harp, şol sanda elipbiý bolman, bogunlary aňladýan müňlerçe iýeroglif bar.

Dilçi alymlar hytaýçany aýratyn dil hökmünde özara toparlara bölýärler.Häzirki wagtda klassifikasiýalaryň köpüsi Orta Hytaýdan gelen fonetik ösüşlere esaslanýan 7-den 13-e çenli esasy sebit toparlaryny öz içine alýar, olaryň arasynda iň köp gepleşilýänleri mandarinçe (800 million ýa-da 66%), minçe (75 million), Wuça (74 million) we Ýueçe (68 million).

Biri-birine baglanyşygy bolmadyk bu şahalaryň birinde gepleýän beýlekisine düşünmeýär.Adaty hytaýça, esasan, Hytaýda we Singapurda gepleşilýär.

Tai dili

Bu dil has köp siam ýa-da merkezi tai ady bilen tanalýar. Tai Tailandyň resmi dilidir. Tai-Kadai dil maşgalasyna degişli bolan tai dili çylşyrymly ýazuw elipbiýi we alamatlary bilen tanalýar.

Alban dili

Albaniýanyň we Kosowanyň resmi dili bolan albança Bolgariýada we Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynda ýaşaýan az sanly albanlaryň arasynda ulanylýar.Irki döwürlerde Çernogoriýada, Italiýada we Gresiýada ýaşaýan gadymy halkyýetler albança gepleşipdirler.

Hindi-Ýewropa diller maşgalasyna degişli hem bolsa albança meňzeş başga diliň bolmazlygy ony iň kyn dilleriň sanawyna girizmäge esas döredýär. Şeýle-de bolsa, bu diliň söz aýratynlyklary babatda nemes we grek dillerine meňzeş taraplary bar.

Ýapon dili

Ýaponiýanyň daşynda ýaponça gepleşýän adamlaryň sany juda az. Ýapon dili Ýaponiýanyň döwlet dilidir. Ýapon dilinde 140 milliona golaý adam gepleýär. Ýapon dili altaý dil maşgalasynyň düzüminde bolup, ol grammatik gurluşy boýunça agglýutinatiw dillere degişlidir. Katakana we hiragana atly iki bogunly elipbiý esasynda öwrenilýän bu dilde 2 müňe golaý iýeroglif bardyr.

Wenger dili

Wengriýanyň resmi dili bolan wengerçe Ural dil maşgalasyna degişlidir. Slowakiýada, Ukrainada, Serbiýada we Rumyniýada ýaşaýan wengerler öz aralarynda ene dilinde gepleşýärler. Wenger dili şiwelere baý dilleriň biri hasaplanýar.

Koreý dili

Koreý dili Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň resmi dilidir. Bütin dünýäde 80 milliondan gowrak adam bu dilde gepleşýär. Koreý diliniň grammatikasyny we söz düzümini kesgitlemek gaýry dilde gepleýänleriň köpüsine kyn düşýär. Şol sebäpli koreýçe dünýäniň iň kyn dilleriniň biri hasaplanylýar.

Niderland dili

Bu dil, esasan, Niderlandlarda, Belgiýada we Surinamda gepleşilýän dildir. Häzirki wagtda Aruba, Sint Marten we Kýurasaoda resmi derejesi bar. Ýewropanyň we ABŞ-nyň köp ýerinde-de ulanylýar. Niderland dili iňlis we nemes dilleri bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

Pars dili

Pars dili hindi-ýewropa dilleriniň Hindi-Eýran bölegine degişlidir. Owganystanda, Eýranda, Täjigistanda we Pars täsiri bolan beýleki ýurtlarda ulanylyş gerimi ýokary bolup, bütin dünýäde 110 million töweregi adam bu dilde gepleýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly žurnalistler malaý kärdeşleri bilen pikir alyşdylar
Günorta Afrikaly ýazyjy Deýmon Gelgut Buker baýragynyň ýeňijisi boldy
Buker edebiýat baýragyna dalaşgärleriň deslapky sanawy yglan edildi
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 23 adam ýogaldy
Gümrük işgärleri okuw maslahatyna gatnaşdy
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 7 adam ýogaldy