Iň köp terjime edilen çagalar kitabynyň ilkinji nusgasy satuwa çykarylar

Iň köp terjime edilen çaga kitaplarynyň biri bolan “Kiçi şazada” kitabynyň maşynkada ýazylan bir nusgasy 1,25 million dollara satuwa çykarylar.Bu eseriň 1940-njy ýyllarda onuň awtory Antuan de Sent-Ekzýuperi tarapyndan saklanan üç nusganyň biridigi aýdylýar.

Nusga geljek aý Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynda geçiriljek Abu Dabi Sungat festiwalynda satuwa çykarylar.Fransuz ýazyjysy bu eseri geçen asyryň ortalarynda Nýu-Ýorkda ýaşaýan wagty ýazypdyr.Kitap 1943-nji ýylda çap neşir edilýär. Çagalar kitaby şondan bäri dünýäde millionlarça nusgada satyldy.

Bilermenler kitabyň dünýä edebi mirasynyň bir bölegi hasaplanýar.Kitabyň maşynkada ýazylan nusgasynyň Ýewropadan başga ýerdäki muzeý ýa-da kitaphana tarapyndan satyn alnan ýagdaýynda onuň meşhurlygynyň has hem artjakdygy bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

“Barselonanyň” taryhy ýeňşi
Barselona Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda Atletikden ýeňildi, Messi oýundan çykaryldy
Super Kubogy “Atletik” eýeledi, Messi gyzyl kart aldy
2020-nji ýylda transfer bahasy arzanlan futbolçylaryň sanawy düzüldi
Neýmaryň "Stambula" geçiren goly ÇL-iň toparçalaýyn tapgyryndaky iň owadan gol boldy
Gonkur baýragy “Anomaliýa” romanynyň awtoryna berildi