Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanda “Parahatçylyk sazy” ady bilen aýdym-sazly konsert geçirildi. Bu dabara Gazagystanda geçirilen Dünýä we däp bolan dinleriň ýolbaşçylarynyň VII kongresiniň çäklerinde boldy.
Konsert maksatnamasy düzüminde köp milletiň wekilleri bolan orkestr hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Gazagystanyň resmi habarlar agentliginiň habar bermegine görä, konsert Gazagystanyň paýtagtyndaky Parahatçylyk we ylalaşyk köşgünde geçirildi.
Iň köp milletli orkestriň düzüminde 51 ýurtdan 75 milletiň wekilleri çykyş edip, sazandalar dünýäniň we Gazagystanyň görnükli kompozitorlarynyň döredijiliginden meşhur sazlary ýerine ýetirdiler.Orkestr gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň sözlerine döredilen “Kara žorga (Gara ýorga), “Želsiz tünde žaryk ai” (Ýelsiz gijede ýagty aý) aýdymlaryny, şeýle hem rus kompozitory A.
P Borodiniň “Knýaz Igor” operasynyň 2-nji aktynyň balet bölegi bolan “Polowes tanslaryny” hem-de Julio Kaççininiň hem-de Wladimir Wawilowyň “Begen Mariýa!” sazyny we Wangelisiň “Jennetiň basybalyjysy” we beýleki dürli aýdym-sazlary ýerine ýetirdi.
Bu rekord Ginnesiň Rekordlar Kitabynyň emini Jek Brokbenk tarapyndan hasaba alyndy.