Dünýäde iň köp kitap okalýan ilkinji 10 ýurduň arasynda aziýalylar öňdeligi eýeleýär. Ýagny sanawyň ilkinji onlugynyň 6-sy Aziýa ýurdundan, 4-si Ýewropa ýurdundan ybarat. Sanaw adamlaryň hepdede okamak üçin sarp edýän wagtyna görä düzülýär. Görkezijilerde çap edilen kitaplardan başga-da, gazetdir žurnallar hem-de onlaýn maglumatlar bar.
Bütindünýä medeni görkezijilere görä, Hindistan dünýäde iň köp kitap okalýan ýurt hökmünde sanawyň başyny başlaýar.Hindistanda her adam hepdede ortaça 10 sagat 42 minut okaýar.Sanawda ikinji orunda Tailand (hepdede 9 sagat 24 minut), üçünji bolup Hytaý (hepdede 8 sagat) gelýär.
Ondan soňra degişlilikde iň köp kitap okalýan ýurtlar hökmünde Filippinler (7 sagat 36 minut), Müsür (7 sagat 30 minut), Çehiýa (7 sagat 24 minut), Şwesiýa (7 sagat 6 minut), Fransiýa (6 sagat 54 minut), Wengriýa (6 sagat 48 minut) we Saud Arabystany (6 sagat 48 minut) gelýär.
Iň köp okalýan kitaplar
Global English Editing amerikan kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde okyjylaryň 66 göterimi çap edilen kitaplary okamagy makul bilýär. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda sesli kitaplaryň meşhurlygy hem artýar.Dünýäde iň köp okalýan mukaddes kitaplar bolup, ondan soňra edebi eserler gelýär.
Migel de Serwantesiň Don Kihot romany, Joan Roulingiň Garri Potter romanlar toplumy, Çarlz Dikkensiň Iki şäheriň ertekisi, Jon Tolkiniň Ýüzükleriň hökümdary, Antuan de Sent-Ekzýuperiniň Kiçijik şazada hem-de Lýuis Kerrollyň Alisa täsinlikler dünýäsinde eserleri dünýäde iň köp okalýan kitaplaryň hatarynda görkezilýär.
1995-nji ýylda ÝUNESKO-nyň karary bilen 23-nji aprel Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni diýlip yglan edildi.Bütindünýä kitap güni 100-den gowrak ýurtda 28 ýyl bäri çagalarda kitaba bolan söýgini döretmek, kitap okamak ýaryşlaryny we sergileri geçirmek arkaly bellenilip gelinýär. Şeýle hem ÝUNESKO her ýyl Dünýäniň kitap paýtagtyny saýlaýar. Şu ýyl Gananyň paýtagty Akkra şäheri Dünýäniň kitap paýtagty diýlip yglan edildi.