Iň köp gepleşilýän diller

Dünýäde, takmynan, 7 müňden gowrak bolup, diller grammatik gurluşy we ulanylyş gerimi taýdan tapawutlanýarlar.Käbir dil halkara dil hökmünde ykrar edilen bolsa, käbir dil diňe belli bir sebitde ulanylýar.

Umuman, islendik dil näçe ulanyjysynyň bardygyna garamazdan medeni baýlygy ýüze çykarmakda, birek-birek bilen düşünişmekde uly ähmiýete eýedir.Islendik adamda syýahat etmek isleýän ýurdy, tomaşa edýän filmindäki adamlar hem-de okan çeper eserlerindäki wakalar barada gyzyklanma döräp, şolaryň dilini öwrenmäge girişip biler.

Dil özüne çekiji aragatnaşyk serişdesi bolup, soňky ýyllarda daşary ýurt dillerini öwrenijileriň sany barha artýar.Dil öwrenýänleriň aglaba bölegi dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň haýsy hem bolsa birini öwrenenini kem görmeýär.

Käbir dil öwrenijiler öwrenýän diliniň aňsatlygyna ýa-da kyndygyna seredýär.Siz täze dil öwrenmek isleýäňizmi?Onda ilki bilen 2024-nji ýylda iň köp gepleşilýän diller bilen tanyş boluň!

Iňlis dili (1,452 milliard). Dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň ilkinjisi bolan iňlis dilinde 1,5 milliard töweregi adam gepleşýär. Halkara işewürlikden başlap, syýahatçylyk we tehnologiýa ulgamynda işjeň ulanylýan bu dile her üç adamdan biri düşünýär. Internet ulgamyndaky maglumatlaryň 60 göterimden gowragy iňlis dilinde bolup, dünýäniň 372 million ýaşaýjysy iňlis dilini ene dili hasaplaýar.

Mandarin dili (1,118 milliard). Dünýäde mandarin dilinde düşünişýänleriň umumy sanyna seretseň, iň köp gepleşilýän dil hasaplanýar. Bu dilde gepleşýänleriň sany 1 milliarddan geçýär. Hytaýda ikinji dil hökmünde ulanylýan bu dili 929 million adam öz ene dili hasaplaýar. Mandarinçe aslynda özbaşdak dil bolman, hytaý diliniň bir şiwesidir.

Hindi dili (602 million). Hindi dili iňlis dili bilen birlikde dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanyň 22 resmi diliniň biridir. 343 million ilatyň öz ene dili hasaplaýan hindi dilinde 602 milliondan gowrak adam gepleşýär. Hindistandan başga-da, Nepalyň ilatynyň dörtden bir bölegi hindiçe gepleşýär. Hindistanda 121-den gowrak dil ulanylýar.

Ispan dili (548 million). Ispan dili ene dilinde gepleşýänleriň sany boýunça ikinji orunda durýar. 474 milliondan gowrak ilatyň ene dili hasaplanýan ispança romantik dilleriň biridir.Internetde iň köp ulanylýan üçünji dil bolan ispançada 548 milliondan gowrak adam gepleşýär.

Ispan dili diňe bir Ispaniýadyr Amerikada däl, Afrikadyr Aziýa ýurtlarynda hem ulanylýar.Häzirki wagtda dünýäde 21 sany ispan dilli ýurt bar.

Fransuz dili (280 million). 274 milliondan gowrak adam dünýäde iň owadan dilde fransuzça gepleşýär. Häzirki wagtda 29 sany fransuz dilli ýurt bolup, 80 million töweregi ilat aşyk-magşuklaryň dilini öz ene dili diýip tassyklaýar. Iňlis dili işewürlik dili bolsa, fransuzça medeniýet dili hasaplanýar. Fransuz dili iň köp gepleşilýän dilleriň arasynda üçünji orunda durýar.

Arap dili (274 million). Häzirki zaman arap dili 22 ýurduň ýeke-täk resmi dili bolup, iň köp şiwesi bolan dil hasaplanýar.Bu dilde gepleşýänleriň sany 274 milliondan gowrak bolup, arap dili Birleşen Milletler Guramasyndaky halkara dilleriň biridir.

Häzirki zaman arap dili metbugatda, teleýaýlymlarda we syýasy ýygnaklarda ulanylýar.Arap ýurtlarynyň ýaşaýjylary öz aralarynda arap diliniň şiwelerini ulanýarlar, emma häzirki zaman arap dilinde gepleşmeýärler.Eger arap dilini özleşdirmek isleýän bolsaňyz, ilki arap diliniň şiweleri bilen tanşyp, soňra häzirki zaman arap dilini öwrenip bilersiňiz.

Bengal dili (272 million). Bangladeşiň resmi dili bolan bengalçada Bangladeşde, Hindistanda we Mýanmada gepleşilýär. Şeýle kiçijik sebitde ulanylýan diliň dünýäde iň köp gepleşilýän dilleriň biri bolmagy geň galdyryjy hadysadyr. Gür ilatly sebitiň 233 milliondan gowrak ýaşaýjysy bengalçany öz ene dili hasaplaýar. Häzirki wagtda bengalçada gepleşýänleriň sany 272 milliondan geçýär.

Rus dili (258 million). 4 ýurduň resmi dili hasaplanýan rus dili dünýäniň 19 ýurdunda ulanylýar. 154 million ilatyň ene dili hasaplanýan rusçada 258 milliondan gowrak adam gepleşýär.

Portugal dili (257 million). Bu dil Portugaliýada, Ýewropada, Günorta Amerikada, Afrikada we Aziýada giňden ulanylýar. 232 million ilatyň ene dili bolan portugalça 9 ýurduň resmi dili hasaplanýar. Portugal dilinde iň köp gepleşilýän ýurt Braziliýa bolup, bu dilde umumy gepleşýänleriň sany 257 milliondan geçýär.

Urdu dili (231 million). Pakistanyň iki resmi diliniň biri bolan, Hindistanyň käbir sebitinde ulanylýan urdu dilinde 231 milliondan gowrak adam gepleşýär. 70 million ilatyň ene dili hasaplanýan urdu dilinde pars elipbiýi ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy
Mýanmadaky çaknyşyk arakanly musulmanlaryň Bangladeşe gaçmagyna sebäp bolýar
Grandala gögümtil we goňrumtyl guşlar