Ýer ýüzünde 3 trilliondan gowrak agaç bar.Agaçlar Ýeriň öýkeni hasaplanyp, adamzady we janly-jandarlary ýaşamak üçin zerur bolan kislorod bilen üpjün edýär.Agaçlaryň esasy bölegi tokaýlarda jemlenip, bu babatda Amazon tokaýlygy öňdeligi eýeleýär. 390 milliard agaç ösýän Amazon tokaýlygy dünýädäki agaçlaryň 13 göterimini emele getirýär.
Janly-jandarlaryň 80 göterimi tokaýlarda ýaşaýar.Agaçlar atmosferany parnik gazlaryndan arassalamakda iň ygtybarly serişde hasaplanýar.Agaçlar Ýerdäki suw aýlawy üçin hem möhüm bolup, kökünde suw ýygnaýarlar we atmosfera goýberýärler.
Bu suw aýlanyşygy planetanyň guramagynyň öňüni alýar.
Soňky ýyllarda ýaşyl taslamalary durmuşa ornaşdyrýan ýurtlarda her ýyl müňlerçe agaç nahallary ekilýär.Bu ugurda Hytaý, Hindistan, Efiopiýa, Pakistan 1 milliarddan gowrak agaç bilen öňdäki orunlary eýeleýär.Meksika, Türkiýe, Peru, Nigeriýa, Keniýa ýaly döwletler hem 500 milliondan gowrak agajy bilen ýaşyl taslamany alyp barýarlar.
ABŞ, Gana, Italiýa, Mýanma, Flippinler, Braziliýa, Kuba, Kanada, Burundi, Indoneziýa, Ispaniýa ýaly ýurtlarda hem her ýyl 100 milliondan gowrak agaç nahallary oturdylýar.Mangrow, klýon, kedr, arça, çynar we tut dünýäde iň köp ekilýän agaç görnüşleridir.