Iň gymmat modellerden başga smartfonlara isleg peseldi

Iň gymmat modellerden başga smartfonlara isleg peseldi

Samsung we Apple kompaniýalaryndan başga ähli smartfon öndürijiler diýen ýaly 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde önüm iberilişiniň pese gaçandygyny hasaba alýar. International Data Corp. kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, geçen çärýek dünýäde smartfonlaryň iberilişi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9% azaldy diýip, 3dnews.ru belleýär.

Uly pese gaçyş Xiaomi, Vivo we Oppo ýaly hytaý brendlerinde görünýär.Meselem, Xiaomi-de smartfon iberilişi ikinji çärýekde dörtden birindenem gowrak 26% azaldy.Netijede, girdeji hem peseldi. “Wall Street Journal” (WSJ) gazeti bilen söhbetdeşlikde analitikler we kompaniýanyň ýolbaşçylary pese gaçyşyň sebäbi hökmünde inflýasiýany, Hytaýda bazaryň gowşamagyny we adamlaryň pandemiýadan soň köp wagtlaryny daşarda geçirýändiklerini bellediler. Ýakynda islegiň şeýle pese gaçyşy bilen mikroshemalary we komponentleri öndürijiler hem ýüzbe-ýüz boldy. Şeýle-de, WSJ soňky ýyllarda smartfona eýe bolmagyň dowamlylygynyň ýokarlanandygyny görkezýän analitikleriň netijelerini getirýär. 2015-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda geçirilen pikir soraşmalara görä, telefona eýe bolmagyň ortaça dowamlylygy, takmynan, 20 aýdan iki ýyldan gowrak wagta çenli ýokarlandy.

Ýene degişli makalalar

Honda we Nissan goşulyşmakçy bolýarlar
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Saud Arabystany 35 milliard dollara Boeing uçarlaryny satyn almakçy
ExxonMobil Braziliýanyň kenarlaryndan nebit tapmady
WSJ: ABŞ-nyň Bäşinji flotunyň serkerdesi Aşgabatda gepleşik geçirdi
“Netflix”-iň abunaçylary artýar
WSJ: ABŞ-nyň Bäşinji flotunyň serkerdesi Aşgabatda gepleşik geçirdi