Iň gowy sowuk süýjülikler

Horwatiýaly žurnalist Matiýa Babiçiň 2015-nji ýylda döreden TasteAtlas internet saýty dünýä aşhanasyna degişli dürli tagamlar barada maglumat berýär.Saýtda ussat aşpezleriň baha bermeginde bu tagamlaryň sanawy taýýarlanýar.

Bilermenler hemmelere mälim bolmadyk ýerli tagamlary tanyşdyrmagy we beýlekileriň hem şol tagamlary dadyp görmeklerini höweslendirmegi maksat edinýärler.Golaýda saýt dünýäniň iň gowy sowuk süýjülikleriniň sanawyny taýýarlady.Ine, sanawda berlen süýjülikler we olar barada gysgaça maglumatlar:

Bastani sonnati. Bu doňdurma geçen asyryň başynda Tährandaky ilkinji doňdurma satyjysy Akbar Maşti tarapyndan oýlanyp tapylypdyr.Düzüminde şafran bolan bu süýjülik häzirki wagtda bütin Eýranda meşhurdyr.

Doňdurma gaýmakly goýy süýtden we pisseden taýýarlanýar.Onuň süýji tagamyny düzümindäki gül suwy berýär. Şeýle hem oňa ýabany orhideýa gülüniň kökünden taýýarlanýan şafran goşulýar.Onuň ýiti sary reňki has-da işdäňi açýar. Üstüne owradylan pisse sepilen ýa-da gatlaklynyň arasyna goýlan süýjülik käsede hödür edilýär.

Queso helado. Peruwyň meşhur tagamy hasaplanýan bu süýjülik doňdurma meňzeýär. Ýurduň Arekipa sebitine degişli bolan bu tagam ýagy alynmadyk bugardylan süýtden, dalçyndan, kokos külkesinden, şekerden we ýumurtganyň sarysyndan taýýarlanýar. Bişirilip taýýarlanýan bu süýjülik goşulan ysly otlaryň ýiti tagamynyň aýrylmagy üçin doňdurylýar.

Maraş doňdurmasy. Türkiýäniň Maraş sebitine degişli bolan bu tagam häzirki wagtda diňe ýurduň içinde däl, dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem meşhurdyr.Bu doňdurma aşa derejede berk bolmagy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, tagam aňsatlyk bilen eremeýär.

Dykyz häsiýetli tagamy çeýnäp iýip bolýar.Süýt bilen şekerden taýýarlanan ergine goýulaşdyryjy maddalaryň goşulmagy bilen doňdurma şeýle berk bolýar.Doňdurma käbir agaçlardan alnan şepbikden taýýarlanýan sakgyç we mämişi reňkli orhideýanyň kökünden alnan şafran goşulýar.

Tagam köplenç kesilip iýilýändigi üçin pyçak we çarşak bilen hem hödür edilýär.

Doňdurylan gaýmak. Ýumurtga, gaýmak, şeker goşulýan bu buzgaýmak gaýnadylyp taýýarlanýar. Ilkinji gezek Nýu-Ýorkuň Koni-Aýlend ýarymadasynda peýda bolan bu tagam dürli şüweleňlerde hem köpçülikleýin hödür edilýär. Gysga wagtda ýurduň beýleki ýerlerine hem ýaýran bu tagam beýleki doňdurylan gaýmaklardan has dykyz bolmagy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, onuň tagamy hem has süýji.

Sorbetes. Meşhur filippin doňdurmasy bolan bu tagam mango, şokolad, peýnir, kokos we benewşe ýam (Aziýa ýurtlarynda bitýän kartoşka meňzeş ekin) ýaly önümlerden taýýarlanýar. Adatça bu tagam sygryň süýdünden taýýarlanyp, şekerden taýýarlanan gapjagazlarda kiçi çemçelerde hödür edilýär. Käbir ýerlerde bolsa, sendwiç ýaly kesilen çöregiň arasyna goýlup iýilýär.

Gelato al pistacchio Pistachio. Bu tagama başgaça italýan doňdurmasy hem diýilýär. Italiýanyň iň meşhur süýjülikleriniň biri bolan bu tagamy doňdurma satylýan islendik ýerden tapyp bolýar. Doňdurmanyň bu görnüşi üwelen pisse, süýt, gaýmak, ýumurtga we şeker goşulyp taýýarlanýar. Seýrek ýagdaýda gowrulan pisse hem goşulýar. Bu doňdurma, esasan, Sisiliýa adasynyň Brinte şäheriniň golaýynda ösdürilip ýetişdirilýän pisse goşulýar.

Affogato. Bu tagam demini alan espressodan hem-de wanilýa topjagazyndan ýa-da želatodan taýýarlanýar.Italýançadan terjime edilende bu söz gark boldy, batdy diýen manyny berýär.

Sebäbi affogato taýýarlananda, bugaryp duran espresso želatonyň üstüne guýulýar.Bu tagamyň badamly, kökeli we beýleki dürli görnüşleriniň peýda bolmagy onuň meşhurlygyny artdyrdy.Bulgurda hödür edilýän affogato ýuwaş-ýuwaşdan içilýär ýa-da çemçe bilen iýilýär.

Patbingsu. Koreýa Respublikasynda meşhur bolan bu tagam gyzyl noýba buz patragy diýmegi aňladýar.Bu doňdurma buz böleklerinden, goýaldylan süýtden we süýji azuki noýbasynyň petinden taýýarlanýar.

Onuň üstüne dürli huruşlar sepilýän hem bolsa, adatça üstüne tüwi unundan taýýarlanan köke goýulýan görnüşi has meşhurdyr.Maý, oktýabr aýlarynda has köp iýilýän bu tagam kitirdewük bolup, ony çeýnäp bolýar.

Bingsu hem diýilýän bu tagamyň örän köp künjüli, gawunly, gök çaýly, süýtli çaýly, ýogurtly, miweli görnüşleri bar.

Falude. Sanawyň ilkinji onlugyna Eýrandan ýene bir tagam adyny ýazdyrypdyr. Bu tagam gül suwy guýlan inçe unaşlardan hem-de doňdurylan şerbetden ybarat bolup, köp ýyldan bäri taýýarlanýar. Tomus tagamy hasaplanýan falude, adatça üstüne limonyň täze sykylan suwy, üwelen pisse ýa-da üljäniň şerbeti sepelenip, hödür edilýär.

Bitter şokolatly želato/Gelato al cioccolato fondente. Doňdurylan süýtden ýa-da gaýmakdan şeker we tagam goşulyp taýýarlanýan, sowuk, süýji iýmit bolan bu doňdurma dürli medeniýetlerde dürlüçe atlandyrylýar.

Amerikan medeniýetinde buzgaýmak (ice cream) diýilýän bolsa, italýanlarda želato diýilýär.Köp ýurtda doňdurylan ýogurt, köp ýurtda şerbet (ýa-da sorbet) diýilýär.Italýan doňdurmasy bolan želato adaty doňdurmadan has dykyz bolmagy bilen tapawutlanýar.

Bu italýan tagamy süýtden, gaýmakdan, ýumurtgadan we şekerden taýýarlanyp, oňa ýokary hilli şokolad goşulýar.Bu tagam italýan doňdurmaçylarynyň iň geçginli harydy hasaplanýar.Has köp mukdarda bitter şokolad goşulýan görnüşine bolsa cioccolato extranoir diýilýär.

Sanawa ýokarda agzalan ýurtlardan başga-da Angliýadan düýrlenen gaýmak, Hindistandan kulfi, Puerto-Rikodan limber, piragua, Täze Zelandiýadan hokeý-pokeý doňdurmasy, Fransiýadan parfait, Filippinlerden halo-halo we Belgiýadan Dame blanche (fransuzça ak zenan diýmegi aňladýan bu tagam Niderlandlarda hem meşhurdyr) ýaly dürli tagamlar girizilipdir. Olaryň köpüsi miwelerden taýýarlanýan bolsa, käbiri içimlik hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Suwasty wulkan tapyldy
Etna wulkany atylyp başlady
Türkmen milli konserwatoriýasynda Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
17-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Aşgabatda italýan baş-aşpezlerinden ussatlygy sapagy geçirildi
Hytaýda bir ýarym müň metrlik belentlige uzaýan basgançak guruldy