Awstriýanyň Wena şäheri “Economist Intelligence Unit” (EIU) kompaniýasy tarapyndan düzülen “Global Liveability Index 2023” sanawynda ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäheri boldy. Awstriýanyň paýtagty, esasan, durnuklylygy, ygtybarly infrastrukturasy, nusgalyk bilimi we saglygy goraýşy, şeýle hem gowy medeniýet derejesi bilen öňe saýlandy. Hasabatda Wenanyň birnäçe ýyl bäri yzygiderli birinji orunda durýandygy bellenilýär.
Sanaw düzülende, aýratyn hem, durnuklylyk, saglyk, bilim, infrastruktura, medeniýet we daşky gurşaw ýaly kategoriýalary boýunça şäherlere baha berilýär.
Ilkinji onluk şeýle tertipde düzüldi:
1. Wena, (Awstriýa). 2. Kopengagen, (Daniýa). 3. Melburn, (Awstraliýa). 4. Sidneý, (Awstraliýa). 5. Wankuwer, (Kanada). 6. Sýurih, (Şweýsariýa). 7. Kalgari, (Kanada). 8. Ženewa, (Şweýsariýa). 9. Toronto, (Kanada). 10. Osaka (Ýaponiýa) we Oklend, (Täze Zelandiýa).
Barlaglaryň awtorlary Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň şäherleriniň hem sanawa goşulandygyny bellediler. Mysal üçin, Gonkong 13 orna düşdi. Hasabata görä, bu ýagdaý pandemiýadan soň kadalyly durmuşa geçmek bilen baglanyşyklydyr.