Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilim edaralarynyň we pedagogika işgärleriniň arasynda yglan eden Iň gowy mekdep kitaphanasy atly bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi.
Umumybilim berýän mekdepleriň kitaphanaçylarynyň arasynda birnäçe şertler boýunça bäsleşik guraldy.
Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, baş baýraga Aşgabat şäherindäki Ýunus Emre adyndaky 47-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Näzik Atamyradowa mynasyp boldy. 1-nji orny Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Mährijemal Rejepbaýewa, 2-nji orny Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň kitaphanaçysy Jemile Çüriýewa, 3-nji orny Baýramaly şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Ogulkeýik Tokurowa eýeledi.
Höweslendiriji baýraklara bolsa Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň, şeýle-de Gökdepe etrabyndaky Annak Sähetmyradow adyndaky iňlis dili dersini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň kitaphanaçylary mynasyp boldular.