Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri

Howanyň gyzmagy bilen adamlar dynç almak üçin gözel tebigatly ýerlere gidip başlaýarlar.Has gowy dynç almak üçin bolsa, arassa howaly deňiz kenarlary amatly hasaplanýar.Sebäbi deňiz kenarynyň howasy kisloroda baý, ýüzmek bolsa bedeniňi taplaýar. Şeýle hem, sportuň suwda ýerine ýetirilýän görnüşleri adamlary deňiz kenarlaryna çekýär.

Syýahatçylyk edaralary bolsa, dynç almak üçin yzygiderli maslahatlary berýärler. “Evening Standard” atly iňlis neşiriniň syýahatçylyk hünärmenleri Ýewropanyň iň gowy kenarýakalarynyň sanawyny mälim etdi.Sanawdaky ýerleriň köpüsi Ortaýer deňziniň kenarlarynda we adalarynda ýerleşýär.

Birinji orny Ispaniýanyň Malýorka adasyndaky Kalo-des-Moro aýlagy eýeleýär.Aýlagyň üç tarapy ýapyk bolandygy sebäpli güýçli tolkunlar emele gelmeýär. Şeýlelikde, düýbi görnüp duran dury suwly pessaý kenar görenleri özüne bendi edýär.

Diňe deňziň suwy däl, eýsem, onuň töwereginiň ösümlik dünýäsine baý tebigaty hem göreni haýran galdyrýar.Ak çägeli deňiz kenary hemişe dynç almak üçin iň gowy ýerleriň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýär.

Ispaniýanyň Balear adalarynyň iň ulusy hasaplanýan resmi dili katalança we ispança bolan Malýorka adasy diňe mawy deňzi we yssy howasy bilen däl, eýsem, taryhy ýerleri bilen hem jahankeşdeleri özüne çekýär.

Ikinji ýeri Kala Mariolu eýeleýär.Italiýanyň iň uly adalarynyň biri bolan Sardiniýadaky bu ýere ýa gaýykly, ýa-da bolmasa belentligi 470 metr bolan depeden aşaklygyna ýöräp baryp bolýar.

Ownuk ak daşly we çägeli deňiz kenaryna barmak tölegli bolup, tomus günlerinde 800 adam bilen çäklendirilýär.Bu ýerde beýikligi 143 metre barabar bolan dik depe hem-de tebigy arka gaýtalanmajak gözelligi emele getirýär.

Üçünji ýeri Horwatiýanyň Wis adasyndaky Stiniwa atly ýeri eýeleýär.Mundan ozal birnäçe gezek dünýäniň iň gowy syýahatçylyk nokatlarynyň sanawynda birinji ýeri eýelän Adriatik deňzindäki Wis adasynda adybir şäher hem bar.

Adanyň ilaty, esasan, balykçylyk we üzümçilik bilen meşgullanýar.Tebigy gözelliklere baý bolan ada ýylda müňlerçe syýahatçyny özüne çekýär.Sanawda San-Fruttuoso (Italiýa), Milos (Gresiýa), Praýa Dona (Portugaliýa), Dermi (Albaniýa), Paloma (Fransiýa), Barafundl aýlagy (Uels) hem-de Howola (Gresiýa) ilkinji onlugy emele getirýär.

Şeýle hem sanawda Sloweniýa, Portugaliýa, Bolgariýa, Türkiýe, Rumyniýa, Şotlandiýa ýaly ýurtlardan dynç alyş ýerleri bar.

Ýene degişli makalalar

Balerina meňzeş gökdirän bina gurlar
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Prezident Erdogan Belgrada Bardy
“Haýsydyr Bir Görnüşde Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Ýetirilmeli”