Iň gowy aýdym “Dynamite”, iň gowy aýdymçy Lady Gaga

Iň gowy aýdym “Dynamite”, iň gowy aýdymçy Lady Gaga

Aýdym-saz äleminiň abraýlary sylaglaryndan MTV Ýewropa aýdym-saz baýraklarynyň şu ýylky ýeňijileri mälim edildi. Şol mynasybetli onlaýn usulda geçirilen dabarada birnäçe meşhur aýdymçy çykyş etdi.Dabarany “Little Mix” aýdym-saz toparynyň agzalary alyp bardy.

Iki sagatlap dowam eden şowhunly dabara 180 ýurtda göni ýaýlymda görkezildi.Dabaranyň dowamynda Doja Cat, Jack Harlow, Sam Smith, DaBaby, Little Mix, Alicia Keys, Tate McRae, Karol G, Yungblud, Zara Larsson, David Guetta bilen Raye, Maluma bilen Aya Nakamura, Madison Beer, Why Don’t We, 24kGoldn Iann Dior dagy özleriniň ilhalar aýdymlary bilen çykyş etdiler.

Şeýlelikde, 27-nji MTV Ýewropa aýdym-saz baýraklarynda iň gowy aýdymçy diýlip, Lady Gaga saýlandy. Jemi 7 ugurda dalaşgärlige hödürlenen aýdymçy bu ugur boýunça Dua Lipa, Harry Styles, Justin Bieber, Miley Cyrus, The Weeknd dagydan tapawutlandy.

MTV Ýewropa aýdym-saz baýraklarynyň iň esasy sylagyna iň gowy aýdym baýragyna K-Pop topary BTS-iň “Dynamite” atly rekordlary täzelen aýdymy laýyk görüldi.Topar mundan başga-da iň gowy topar, iň köp muşdakly hem-de iň gowy “virtuel live” baýraklaryna laýyk görlüp, dabaranyň iň köp sylagly aýdymçysy (topary) boldy.

DJ Khalediň Drake bilen bilelikde ýerine ýetiren “Popstar” aýdymynyň şekilli aýdymy-da iň gowy wideo saýlandy.Karol G bilen Niki Minajyň bilelikde ýerine ýetiren “Tusa” atly aýdymy iň gowy şärikdeşlik diýen ugurda ýeňiji boldy.

Doja Cat atly amerikaly zenan aýdymçy ýylyň täze sungat işgäri baýragy bilen sylaglandy. Şeýle-de “Little Mix” topary iň gowy pop, David Guetta iň gowy elektronika, Hayley Williams iň gowy alternatiw, “Coldplay” iň gow rok, Cardi B iň gowy hip-pop, Karol G iň gowy latyn baýraklaryna laýyk görüldi.

H.E.R.atly amerikaly zenan aýdymçynyň “I Can't Breathe” aýdymy-da parahatçylyk üçin wideo baýragyna mynasyp boldy.Bulardan başga-da käbir ýurtlaryň hem-de zolaklaryň baýraklaryň ýeňijileri-de mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Lady Gaga iň gowy aýdymçy, “Dynamite” iň gowy aýdym diýlip saýlandy
Repçi Lil Nas X-iň Montero klibi Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy boldy
Berdimuhamedow atlar bilen didarlaşýar. Metbugat ösüşleri’ wasp edip, krizisi’ agzamaýar
Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar
Kino täzelikleri
Billboard Music Awards-2021 baýraklarynyň ýeňijileri yglan edildi