Iň gowy awiakompaniýalar mälim edildi

Awiakompaniýalara baha berýän “Airline Ratings” internet saýty 2023-nji ýylyň iň gowy howa ýollar edaralarynyň sanawyny ýaýratdy.Sanawa jemi 25 awiakompaniýa girizildi.Baha berlende, awiaflotdaky uçarlaryň ortaça ýaşy, müşderileriň pikirleri, girdejisi, uçýan nokatlarynyň ýaýrawyny artdyrmagy, howpsuzlyk görkezijileri we innowasiýa ýaly 12 ölçeg göz öňünde tutulypdyr.

Sanawyň ilkinji ornuny “Air New Zealand” eýeläpdir. “Qatar Airways” we “Etihad Airways” ilkinji üçlüge giripdir.Koreýa Respublikasynyň “Korean Air” kompaniýasy dördünji, Singapuryň “Singapore Airlines” kompaniýasy bäşinji bolupdyr. “Qantas”, “Virgin Australia/Virgin Atlantic”, “EVA Air”, “Cathay Pacific Airways” we “Emirates” awiakompaniýalary ilkinji onlukda özüne ýer tapypdyr. Şeýle hem “Lufthansa/Swiss”, SAS, “TAP Portugal”, “All Nippon Airways”, “Delta Air Lines”, “Air Canada”, “British Airways”, “JetBlue”, JAL we “Vietnam Airlines” ýaly dünýäniň dürli kompaniýalary bu sanawa girizilmäge mynasyp görlüpdir.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines-yň saýtynda awiapetek almakdan başga-da köp hyzmatlar hödürlenýär
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär
Turkish Airlines awiapetekler üçin iň gowy teklipleri hödürleýär
Turkish Airlines: çagalar bilen syýahata gitmek baradaky sowallara jogaplar
Turkish Airlines dokuzynjy gezek Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýlip ykrar edildi
Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär