Iň gowy “Android” smartfonlarynyň reýtingi düzüldi

Iň gowy “Android” smartfonlarynyň reýtingi düzüldi

Gizmochina portaly 2020-nji ýylyň jemleri boýunça iň oňat “Android” smartfonlarynyň reýtingini hödürledi. Reýting düzülende mobil telefonlaryna dürli taraplardan seredildi diýip, news.ru habar berýär.

Reýtingi düzüjileriň pikiriçe, kamerasynyň hili taýdan Huawei Mate 40 Pro+ öňdeligi eýeleýär.Onuň tapawutly aýratynlygy hökmünde islendik ýagtylykda ýokary hilli surata düşmäge mümkinçilik berýän bäş kamera bilen enjamlaşdyrylandygy görkezilýär.

Iň gowy taraplardan tapawutlanan Xiaomi Mi 10 "Gizmochina" tarapyndan iň oňat hemme taraplaýyn flagman diýlip saýlandy. Şol kompaniýanyň başga bir modeli - Mi 10T Pro 5G - bahasy bilen hili sazlaşýan iň gowy flagman hökmünde ykrar edildi.

Smartfon 144 gerts ekrany, “Snapdragon 865” prosessory, üç kamera we çalt zarýad bermegi goldaýan güýçli batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýygnalýan smartfonlaryň arasynda öňdeligi uly ekranly, gowy batareýaly we güýçli "Snapdragon 865+" prosessorly Samsung Galaxy Z Fold 2 eýeleýär. Ýygnalýan “LG Wing” smartfony üýtgeşik swing mehanizmi üçin reýtingi düzüjiler tarapyndan aýratyn bellenilýär. “OnePlus Nord” 5G-li býudjet enjamlarynyň arasynda iň gowusy diýlip yglan edildi.

Bu enjam 90 gerts AMOLED displeýi, alty kamera, "Snapdragon 765G" prosessory we çalt zarýad beriji batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ýene degişli makalalar

Iň kuwwatly subflagman smartfonlar belli boldy
Iň gowy kiçi smartfonlar belli boldy
Android Police portaly ýylyň iň gowy smartfonlaryny aýtdy
Xiaomi 17 minutda zarýad alýan smartfony hödürledi
Dünýädäki iň kuwwatly Android smartfonlary belli boldy
Samsung kompaniýasy howpsuzlyk ulgamy güýçlendirilen Galaxy Quantum2 smartfony bilen tanyşdyrdy
Xiaomi bir minutda 35 müňden gowrak Mi Mix Fold smartfonyny satdy