Ginnesiň rekordlar kitabynyň “YouTube” kanalynyň habaryna görä, gaty ses bilen myrlamak boýunça dünýä rekordyny Beýik britaniýada uzak ýaşan pişik goýupdyr.
Bella atly 14 ýaşly pişigiň 54,59 dB ses bilen myrlandygy hasaba alyndy. Muny gaýnaýan çäýnegiň ýa-da işläp duran kir ýuwýan maşynyň sesiniň derejesi bilen deňeşdirip bolar. Mundan öňki rekord 50 dB deň bolupdy.
Pişigiň eýesi, Bellanyň telewizor açylanda has gaty ses bilen myrlaýandygyny aýtdy.
Bilermenler pişigiň myrryldysynyň onuň hoşallygyny we adamlar bilen özara gatnaşyklary saklamama meýillidigini görkezýär diýip hasaplanýar. Geçirilen barlaglarda, myrryldynyň käbir nähoşluklar bejermekde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny ýüze çykardy.