Iň gadymy tans meýdançasy ýüze çykaryldy

Arheologlar Peruda iň gadymy tans meýdançasyny ýüze çykardylar, onuň üstünden ýöräniňde, her ädim deprek gümmürdisi ýaly ses çykarýar. Meýdança häzirki Lima şäherinden 200 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ol miladydan öň, 1000-1400-nji ýyllarda gurlupdyr diýip çaklanylýar. Onuň inkler döwründe-de (1400-1532 ýý) ulanylan bolmagy ähtimal. Tans meýdançasynda däp-dessurlar bilen baglanyşykly çäreler guralypdyr.

Argentinadaky Buenos-Aýres uniwersitetiniň Medeniýet institutynyň arheology Kewin Leýniň sözlerine görä, meýdançada ýyldyrymdyr gök gümmürdisiniň hudaýynyň hormatyna däp-dessurlar berjaý edilipdir. Şunda aýak sesleri tebigy hadysalaryň gümmürdisini çykarypdyr, gadymy gurluşykçylar munuň üçin ýörite tehnologiýadan peýdalanypdyrlar. Meýdançada däp-dessur tanslaryny berjaý edýän birbada 26 adam ýerleşip bilipdir diýip, “Arkeonews” habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Peruda iň gadymy tans meýdançasy tapyldy
Dublin ýaşaýjylarynyň ulag dyknyşyklarynda geçiren wagty boýunça öňdeligi eýeledi
Peruda awtobus heläkçiligi başdan geçirildi
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwda birnäçe medallara mynasyp boldular
Türkmenistanly agyr atletikaçylar ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda ýedi medal gazandylar
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy