ABŞ-nyň Jon Hopkins uniwersitetiniň arheologlary Siriýada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde adamzat taryhyndaky elipbiý ýazuwynyň iň gadymy nusgalaryny ýüze çykardylar.Bu açyş, Amerikanyň daşary ýurt barlaglary jemgyýetiniň (ASOR) ýyllyk maslahatynda hödürlendi.
Alymlar Ýakyn Gündogaryň iň gadymy şäherleriniň biri bolan Umm el-Marrada bürünç asyryna degişli ýüzi haşamlanyp ýazylan ýazgylar bilen örtülen toýun silindrleri tapdylar. Şeýle-de ol ýerden altyn we kümüş şaý-sepler, aşhana gap-gaçlary, naýzanyň tygy we birgiden keramiki gaplar tapyldy.
Radiouglerod seljerişleri, ýazgyly silindrleriň miladydan öň 2400-nji ýyllarda döredilendigini, ýazuwyň iň gadymy nusgalaryndan, takmynan, 500 ýyl öňki bolandygyny görkezdi. -Alymlar ozal elipbiýiň Müsürde ýa-da onuň töweregindäki sebitde miladydan öň, 1900-nji ýyldan soň oýlanyp tapylandygyna ynanýardylar. Ýöne tapylan artefaktlar has gadymy bolup, başga bir sebite degişlidir.
Bu ýagdaý elipbiýiň gelip çykyşynyň taryhynyň köplenç pikir edilişi ýaly däldigini görkezýär diýip, geçirilen barlaglaryň awtory, professor Glenn Şwars belledi. /* custom css */ .td_uid_15_67470bf5038ee_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67470bf5038ee_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }