Aşgabatdaky Watan kinokonsert merkezinde Iň eýjejik gyzjagaz — 2024 atly bäsleşigiň jemi jemlendi. Bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi Bilim ministrligi bilen bilelikde gurady. 15-nji martda bolan bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Aşgabat, Arkadag şäher we welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli gyzjagazlar gatnaşdylar.
Düzgünnama laýyklykda, oňa gatnaşýan gyzjagazlar üç şert boýunça bäsleşdiler. Birinji şertde 4 minutyň dowamynda Watany, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Gyzjagazlar ikinji şertde milli egin-eşikleri geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etdiler. Üçünji şertde bolsa öz ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalardan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň wekillerinden hem-de ýurduň tanymal medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlaryň her bir çykyşyna mynasyp baha berdiler.Netijede 3-nji orna Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Aýna Döwletýarowa, 2-nji orna Aşgabat şäherindäki 147-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Aýlar Çaryýewa, 1-nji orna Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýmelek Gylyçmyradowa, baş baýraga bolsa Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurşat Myradowa mynasyp boldy. Ýeňijilere guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.