Iň beýikdäki saýlaw uçastogy

Hindistanyň Himaçal-Pradeş ştatynyň hökümet başlygyny saýlamak üçin saýlaw geçirildi. Ştatyň köp bölegi Gimalaý daglarynyň eteklerinde ýerleşýär.Administratiw sebitiň çäginde jemi 7 müň 884 saýlaw uçastogy döredildi. Ýurduň Tibete golaý ýerindäki Taşigang obasyndaky saýlaw uçastogy bolsa, deňiz derejesinden 4 müň 650 metre belentlikde ýerleşip, dünýäniň iň beýikdäki saýlaw uçastogy boldy.

Bu ýerde bary-ýogy 52 saýlawçynyň bardygy mälim edildi.

Ştatyň deputatlary ýurduň parlamentinde 68 orny eýelär. Bu orunlar üçin sebitden jemi 412 dalaşgär gatnaşdy. Ştatda geçirilen saýlawyň netijeleriniň 8-nji dekabrda mälim ediljekdigi aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Tibetde güýçli ýer titredi
Hytaýda çägeli tupan dowam edýär
Dünýäniň iň uly balyklary
Täsin reňkli alma
“Tibet Türkmen” berhizlik önümleriň önümçiligini ýola goýdy
Hytaý dünýäde iň beýik meteostansiýany gurnady