Iň beýik dag Ewerestmi?

Dünýäniň iň beýik nokadynyň Gimalaý dag ulgamyndaky Ewerestdigi hemmä mälimdir.Hytaý bilen Nepalyň arasyndaky iň beýik gerşi 8848 metre ýetýän daga nepalça Sagartmatha hem diýilýär. Şeýle hem ol Jomolungma ady bilen hem bellidir.

Bu görkeziji deňiz derejesinden beýikligi aňladýar. Üçden iki bölegi suw bilen örtülen planetamyzda ummanlardaky adalaryň köpüsi deňziň aşagyndaky dagyň depeleridir. Şeýle daglaryň biri hem Gawaidäki Mauna Kea dagydyr.Onuň beýikligi 10100 metre barabar.

Emma dagyň 4207 metr bölegi suwuň ýokarsynda bolup, has uly bölegi suwuň aşagynda ýerleşýär.Dagyň suwuň aşagynda galýan ýerinden depesine çenli hasaplasaň, bu dag dünýäniň iň beýik dagy bolýar.Şeýle hem bu dag dünýäniň iň beýik ikinji adasy hasaplanýar.

Dagyň depesinde mundan 4000-6000 ýyl ozal wulkan atylandygy çaklanylýar.Gawai mifologiýasynda daglaryň depeleri mukaddes hasaplanypdyr.Irki döwürlerde dagyň depesine çykmaga ada gelen myhmanlaryň diňe aýratyn hormatlanýan ýokary derejeli wekillerine rugsat edilýän eken.

Dagyň depesi açyk howaly bolansoň, astronomik barlaglar üçin iň amatly ýerleriň biridir. 1964-nji ýylda onuň depesine ýol çekilensoň, dünýäniň 11 ýurdy tarapyndan maliýeleşdirilen jemi on üç teleskop gurlupdyr.

Mauna Keadaky obserwatoriýalar kosmos barlaglary üçin dünýäniň iň iri desgalarynyň hatarynda durýar.

Ýene degişli makalalar

Ýuwaş ummanyndaky ilkinji telegraf liniýasy
Duzuň reňki nähili?
Ummanlar arassalanar
Has köp hemrasy bar eken
Täze ýyl nirä, haçan gelýär?