“Hermès Birkin” torbasy müşderiler üçin iň arzyly önüm bolmagynda galýar.Bu barada “Hypebeast” neşiri habar berýär.Bu ugurdaky maglumatlar “Google”-de gözleg sowallaryny gözden geçiren “Slingo” kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär.
Bahasynyň gymmatdygyna garamazdan, “Hermès Birkin” sumkalarynyň meşhurlygy pese gaçmaýar, soňky üç ýylda ony internetden gözleýänleriň sany hem barha artýar. 2020-nji ýylda bu sumkalary ideýänleriň sany ortaça 149 müň adama deň bolan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 19% artyp, 160 müňe ýetipdir.
“Slingo” kompaniýasy sumkalara islegiň oňa ady dakylan Jeýn Birkiniň aradan çykandygy baradaky gynançly habaryň ýaýran gününden bäri has-da artandygyny belleýär.Häzirki wagtda nusgawy “Hermès Birkin” sumkalarynyň bahasy 12 müň dollardan başlap, gymmatbahaly daşlardyr metal dakylanlary ýa-da seýrek jandarlaryň derisinden tikilenleri birnäçe ýüz müň dollara ýetýär.
Mysal üçin, 2022-nji ýylda krokodiliň hamyndan tikilip, göwher bilen zynatlanan “Himalayan Birkin 30” sumkasy 450 müň dollara satyldy.
“Slingo” kompaniýasynyň sanawynda ikinji orny “Louis Vuitton Neverfull” (takmynan 127 müň isleg), üçünji orny “Gucci Marmont” (83 müň töweregi isleg) sumkalary eýeledi.
Ozal habar berşimiz ýaly 16-njy iýulda fransuz-britan aktrisasy we aýdymçysy Jeýn Birkin 76 ýaşynyň içinde Parižde aradan çykdy. Ol 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda insult geçiripdi. Meşhur zenan britan we fransuz kinosynda aktrisa hökmünde uly üstünlige eýe boldy. Aktýorçylyk we aýdym-saz üstünliklerinden başga-da, onuň adyny “Hermès Birkin” sumkasy göterýär.