Pakistanda wezipesinden aýrylan premýer-ministr Imran Hanyň tarapdarlary tutuş ýurt boýunça ony goldamak üçin ýygnandylar.
Pakistanda bir hepde dowam eden syýasy dartgynlylykdan soň, Nawaz partiýasynyň yslamçy şahamçasyndan Şahbaz Şerif 23-nji premýer-ministr saýlandy.
Şol bir wagtyň özünde, Pakistanyň “Tehreek-e-Insaf ” partiýasynyň wekilleriniň hemmesi Imran Hanyň premýer-ministr wezipesinden aýrylmagyna nägilelik bildirip işinden çekildiler.
EýranPress habar gullugynyň düýn, sişenbe güni beren habaryna görä Päkistan halky Imran Hana goldaw bermeginiň dowamynda, millionlarça adam ýene-de ýurduň köçelerine, şol sanda Pakistanyň paýtagty Yslamda-da işden aýrylan premýer-ministri goldamak we ABŞ-a garşy şygarlar aýtdy.
Imran Han "Tehreek-e-Insaf" partiýasynyň agzalary bilen duşuşygynda bu partiýa hiç hili ýagdaýda bu mejlisde bolmaz diýdi.
Tehreek-e-Insaf partiýasy Pakistany talan we daşary ýurt güýçleri tarapyndan parlamente giren adamlar bilen oturmaz diýdi.
Imran Hanyň Russiýa we Ukraina baradaky pozisiýasy amerikalylaryň göwnünden turmady. Amerikalylar Imran Hany işden aýyrmak bilen haýbat atýardylar we ol Pakistanyň oppozisiýa partiýalarynyň kömegi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu howpy amala aşyrýandygyna ynanýar.
10-njy aprel, ýekşenbe güni ir bilen Pakistanyň mejlisinde geçirilen ses berişlik tamamlanandan soň, Imran Han ynam sesini alyp bilmedi we resmi taýdan premýer-ministr wezipesinden aýryldy.