Pakistandan agdarylan premýer-ministr Imran Han bu ýurduň režimini agdarmak üçin daşary ýurt dildüwşüginiň başlandygyny habar berdi.
Şenbe güni agşam Pakistanyň mejlisi Imran Hanyň premýer-ministr bolmagyny dowam etdirmek meselesine garamak üçin ýygnandy we ahyrsoňy (10-njy aprel) ýekşenbe güni irden Pakistanyň kanun çykaryjylarynyň 174-si Imran Hana ynamsyzlyk sesini berip, ony işinden aýyrdylar.
Al-Jazeera -nyň habaryna görä, Pakistanyň wezipesinden çykarylan premýer-ministri Imran Han, hökümeti üýtgetmek baradaky daşary ýurt dildüwşüklerine salgylanyp: Päkistan halky özygtyýarlylygyny we demokratiýasyny gorar diýdi.
"Imran Han" ozal Twitterde, Garaşsyz daşary syýasaty, garaşsyzlygy we öz ýurdunda daşary ýurt bazasynyň döredilmegi bilen ylalaşmazlygy sebäpli, Amerikanyň ony agdarmak dildüwşüginiň maksady bolandygyny habar beripdi.
Bu aralykda, Pakistandaky “Tahreek-e-Insaf” partiýasynyň ýolbaşçylary Imran Hanyň premýer-ministr wezipesinden aýrylandan bir gün soň Milli Assambleýadan köpçülikleýin işden aýrylmak kararyna gelendiklerini we indiki hökümet bilen hiç wagt eglişik etmejekdiklerini aýtdylar.
Imran Hanyň ýolbaşçylygyndaky Pakistanyň “Tahreek-e-Insaf ” partiýasynyň ýolbaşçylary Pakistanda irki saýlawlaryň geçirilmegini isleýärler.
Geljekki premýer-ministri we Pakistan mejlisiniň täze başlygyny saýlamak üçin ses berişlik ertir, duşenbe güni Milli mejlisiň açyk ýygnagynda geçiriler.