Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, Pakistanyň Adalat hereketi partiýasynyň başlygy Imran Han, wezipeden çetleşdirileninden soň, ilkinji mitingini Peşawar şäherinde geçirdi.
Imran Han ol ýerde eden çykyşynda: "Täze saýlawlar gysga wagtda yglan edilmeli, ýogsam halka köçä çykmagy barada çagyryş bererin" diýip belledi.
Halkdan özüne garşy daşary ýurt dildüwşügine garşy parahatçylykly demonstrasiýa geçirmegini islän Imran Han, ABŞ-na Pakistanda harby baza bermändigi üçin Waşingtonyň ýurtda hökümedi çalşandygyny mälim etdi.
Imran Han, Pakistanyň ABŞ üçin söweşendigini, emma Waşingtonyň dronlar bilen bigünä pakistanlylary öldürendigini beýan etdi.
Pakistanyň Adalat hereketi partiýasynyň başlygy Imran Han, 16-njy aprelde Karaçi şäherinde miting geçirjekdigini habar berdi.
Ýurtda 3 aýry möhlet Premýer ministr wezipesinde işlän Nawaz Şerifiň jigisi Şahbaz Şerif, mejlisde 11-nji aprelde geçirilen saýlawda 174 ses bilen ýurdyň täze Premýer ministri wezipesine saýlandy.
Pakistanyň parlamentinde 10-njy aprelde geçirilen ses berilşigiň netijesinde bolsa 174 garşy ses alan Imran Han wezipesinden çetleşdirilipdi.