Immunitet ulagmymyzyň güýçlenmegi üçin käbir tebigy teklipler

Immunitet ulagmymyzyň güýçlenmegi üçin käbir tebigy teklipler

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda immunitet ulagmymyzyň güýçlenmegi üçin käbir tebigy teklipleri dykgatyňyza ýetirmekçi.

Ýeterlik we deňagramly iýmitlenmäge üns berilmeli

Immuniteti güýçlendiriji beslenme ilki bilen deňagramly azyklanmak bilen başlaýar. 4 azyk toparyndan ýeterlik derejede iýmitlenmek hökmanydyr. Olar; süýt we süýt önümleri, et önümleri, gök we miwe önümleri hem-de galla önümleri. Esasanda reňbe-renk gök we miwe önümleri düzümindäki antioksident hem-de süýmler sebäpli iňňän peýdalydyr.

Esasanda sogan, sarymsak, kelem, turp, brokoli, nar, apelsin, awokado ýaly ähli gök we miwe önümleri sarp edilmeli. Probiotik üçin bolsa gatyk, kefir, duzlanan önümler, sirke ýaly fermantirlenen önümleri sarp ediň.

Kadaly uky

Uly adamlarda günde azyndan 7 sagat uklamak hökmany. Uky immunitet ulgamy we beden saglygy üçin möhümdir.

Kadaly maşk etmek

Ylmy barlaglar maşk etmegiň immunitet ulgamyny herekete geçirýändigini görkezýär. Kadaly sport bilen meşgullanmak, immuniteti güýçlendiriji tebigy usullardan biridir.

Süýji we ulewod sarp etmegi azaldyn

Ulewod hökmünde ýönekeý, ýagny şeker we şekerli azyklary az sarp ediň. Sebäbi süýji immunitet ulgamyna basyş edýär.

Ýeterlik mukdarda belok iýilmeli

Immunitet ulgamynyň bölüp çykarýan antitelolar belok aýratynlygyna eýedir. Ýeterlik mukdarda belok sarp edilmeli. Et, towuk, balyk, hindi towugy, ýumurtga, süýt ömümleri, galla önümleri belok taýdan baýdyr.

Hepdede üç porsiýa balyk iýmeli

Omega 3 ýag kislotalary immunitet ulgamymyzyň güýçlenmegi taýdan möhüm. Balykda, semizekde we hozda ýokary mukdarda omega 3 ýagy bar. Balygy demojakda ýa-da mangalda bişirmek maslahat berilýär. Hepdede üç porsiýa iýmeli.

Zedeçal sarp etmek hem immunitet ulgamyny herekete geçirýär

Bedeni toksiki täsirlerden goraýan “sary gudrat” immunitet ulgamyny işjeňleşdirýär we sagdyn öýjükleriň ýok bolmagynyň öňüni alýar. Hassalyklaryň sağalma depginini ýokarlandyrýar. Antioksident düzümi bilen iriňlemäniň öňüni alýar. Her gün sarp edip bilersiňiz.

Ýagly tohumlar iýmitlenme düzgünine degişli edilmeli

Ýagly tohumlardan çig hoz, çig funduk we çig badam E witamini, ösümlik ýagynyň kislotasy we dürli minerallar düzümi taýdan peýdalydyr. Ýag görnüşlerinden esasanda zeýtun ýagy, kosos ýagy, awokado ýaglary güýçli antioksidentlerdir.

D witaminine üns berilmeli

Bedenimizdäki D witamininiň mukdaryny ýokarlandyrmak üçin günden peýdalanyň. Lukmanyň maslahaty bilen goşmaça azyklardan ýa-da witaminlerden peýdalanyň.

Köp mukdarda suw içmeli

Köp mukdarda suw içmek bedendäki toksinlerden saplanmak we metoblizmany janlandyrmak üçin möhüm. Toksinlerin bedenden zyňylmagy, sindiriş ulgamynyň saplanmagy we hassalyklardan goranmak üçin günde azyndan 10-12 stakan suw içmek maslahat berilýär.

Kefir:

Düzümindäki janly peýdaly bakteriýalar bilen siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Kefir sarp etmek immunitet ulgamyny güýçlendirýar. Kesfiri halamaýanlar bir käse kefiri ýarym banan bilen blenderden geçirip, üstüne dalçyn sepip tagamlandyryp bilerler.

Gyzyl burç

Gyzyl burç immunitet ulgamyny güýçlendirýär, gan aýlanyşyny çaltlandyrýar. Şol bir wagtda-da antioksident taýdan baýdyr. Çakyzanyň öňüni alýar, agyrylary diňdirýär.

Sitrus önümleri

Mandarin, apelsin, limon we greýfurt ýaly sitrus önümleri J witamini taýdan baý azyklardyr.

Gatyk

Tebigy gatygyň düzüminde içegeler üiçn peýdaly köp sanly mikroorganizm bar. Içege florasyny kadalaşdyryjy şol bakteriýalar bedeniň daşarda gabat gelýän toksinlerine we patogenlerine garşy goranyşyny güýçlendirýär.

Sarymsak

Sarymsagyň immunitet ulgamyny goldaýjy özboluşlygyndan peýdalanmak üçin çig sarymsak iýmek maslahat berilýär.

Immunitet ulgamyny güýçlendiriji çaýlar

Gök çaý

Zenjebil çaýy

Ada çaýy

Immunitet ulgamyny goldaýjylar

J Witamini

D Witamini

B6 Witamini

Ýene degişli makalalar

Jennet hurmasynyň (Trabzon) peýdalary…
Zeýtun ýapragynyň çaýynyň peýdalary…
Ak kelemiň peýdalary…
Ak kelemiň peýdalary…
Deňiz suwy näme üçin duzly?
Süle fasolunyň peýdalary…