Ilon Maskyň Starlink hemra internetini uçarlarda synag edip ugradylar

Ilon Maskyň Starlink hemra internetini uçarlarda synag edip ugradylar

Deltanyň baş direktory Ed Bastian The Wall Street Journal-a beren interwýusynda awiakompaniýanyň Starlink tehnologiýasyny barlag synagyndan geçirýändigini aýtdy, ýöne bu mesele babatynda jikme-jik maglumat bermedi.

SpaceX Internetiň ösýän megakonstellýasiýasynyň çäklerinde pes, ýere golaý orbita 42 müň sany hemrany goýbermegi meýilleşdirýär. Hemralar dünýäniň gyrak-bujagyndaky ýerleri giňzolaklaýyn internet bilen üpjün etmäge niýetlenendir. Şu günki güne çenli SpaceX älem giňişligine 2 335 sany hemra goýberdi.

Gelýän habarlara görä, SpaceX uçarlarda Wi-Fi hyzmatyny ýola goýmak üçin birnäçe awiakompaniýa bilen gepleşikleri alyp barýar. 2021-nji ýylyň iýunynda SpaceX-iň Starlink boýunça wise-prezidenti Jonatan Hofeller Connected Aviation Intelligence Summit sammitinde ýylyň ahyryna çenli kompaniýanyň kommersiýa bähbitlerine geçmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Ýaramaz howa ýagdaýlary zerarly kofäniň bahasy gymmatlap biler
Bir serişde mundan soň doping diýlip hasap edilmez
Starbucks 2025-nji ýyla çenli Hytaýda 3000 sany täze kofehana açar
Hytaý önümçiligi awtomatlaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýär
Global haryt dolanyşygy iýul aýynda birden pese gaçdy
Google Hytaýda Google Translate hyzmatynyň işini bes etdi