Ilon Maskyň SpaceX we Jek...

Wekiliýetleriň ägirt köp sany, olaryň arasynda Ilon Maskyň SpaceX-y we Jek Manyň Alibaba-sy Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş 2023 (ITTC 2023) atly 3-4-nji maýda Aşgabatda geçiriljek ikinji halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin hasaba alyndylar.

Bu maslahaty geçirmegiň maksady pandemiýadan soňky gaýtadan dikeldilme boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatylaşmak we halkara ýük daşamalary babatynda täze hakykylyklara uýgunlaşma we netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri: awtobanlar, halkara deňiz portlary, howa menzilleri we d/ý wokzallary ösdürmekdir.

Maslahatyň barşynda Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda halkara ulag geçelgelerine girýän, şol sanda Hytaýyň Bir guşak bir ýol başlangyjy bilen baglanyşmagyň çäklerinde Ýewraziýa ulag geçelgelerini we ugurlaryny artdyrmagyň mümkinçiliklerine, üstaşyr mümkinçililerine we ulag infrastrukturasyna garalar.

ITTC 2023 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulaglar we kommunikasiýa agentligi, Türkmendemirýollary, Türkmenawtoulaglary, Türkmenhowaýollary Türkmendeňizýollary Türkmenaragatnaşyk agentlikleri we Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi tarapyndan Türkmen Forum HJ bilen hyzmatdaşlykda gurnalar.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri, halkara guramalarynyň wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we iri halkara maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşarlar.ITTC 2023-iň işewür maksatnamasy maslahatdan we sergiden başga-da, ähtnamalara we şertnamalara gol çekilmegini, seminarlaryň, tegelek stollaryň geçirilmegini göz öňünde tutýar, olarda ýurdumyzyň we daşary ýurt bilermenleri ulag we logistika babatynda häzirki zaman tehnologik çözgütler bilen tanyşdyrylar. Şu güne çenli maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 40 ýurdundan 500-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy.

Wekiliýetleriň täsir galdyryjy sanawy SpaceX, Alibaba, Airbus, Boeing, General Electric, Lufthansa, Thales, Cargo Lux, Fly Dubai, Turkish Airlines, Dragon Oil, Vitol, Lukoil, Lenovo, Hyundai, Toyota, Casale, Sumitomo, KazGrain, РЖД ýaly belli halkara kompaniýalarynyň wekillerini, IATA (Howa ulagynyň halkara birleşmesi), ICS (Gämiçiligiň halkara palatasy), IRU (Awtoulag serişdelerini halkara birleşigini), halkara ulag guramalaryny, BMG-ni we başga-da köp sanly halkara ulag kompaniýalaryny öz içine alýar.

Maslahatyň sessiýalarynda we panel çekişmelerinde köp sanly halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň wekilleri BMG-niň, ÝHHG-nyň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň we Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Maslahatyň çäklerinde Ulag we logistika atly halkara ýöriteleşdirilen sergi gurnalar, ol ýerde ulag-logistika merkezleri, awtoulag tehnikasyny öndürijiler we onuň dilerleri, logistiki merkezlerini enjamlaşdyrmak üçin enjamlary üpjün edijiler, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, deňiz portlarynyň, howa menzilleriniň ýolbaşçylary we demir ýollaryň dolandyrylyşy bilan tanyşdyrylar.

Maslahatyň myhmanlary üçin Aşgabat-Türkmenabat awtobany boýunça tanyşdyrylyş sapary, Aşgabat şäheriniň halkara howa menziline we Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portuna syýahat gurnalar. Gatnaşmak üçin hasaba alynmak 26-njy aprele çenli açykdyr. Has jikme-jik maglumaty: www.ittc.com.tm saýtyndan alyp bolýar.

ORIENT habarlar

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Aşgabatda geçiriljek halkara foruma wekiliýet ugradar
Halkara üstaşyr ulag ulgamlaryna bagyşlanan maslahat we sergi
АШХАБАД СОЗЫВАЕТ МЕЖДУНАРОДНЫЙ ФОРУМ ПО ТРАНСПОРТНО-ТРАНЗИТНЫМ КОРИДОРАМ
Halkara ulag maslahaty we sergisi başlady
Aşgabatda ulag ulgamyna bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahat we sergi