Amerikaly milliarder Ilon Mask Burnt Hair (Ýanan scalar) parfýumyny satlyga goýberdi, onuň bir çüýşesini 100 dollardan Co kompaniýasynyň saýtyndan satyn almak bolar.
Tesla Inc.-iň ýolbaşçysy Mask özüniň twitterdäki sahypasynyň teswirini Parfýumeriýa satyjysy diýip üýtgetdi we eýýäm 20 müň çüýşe, ýagny umumy bahasy 2 mln dollarlyk parfýum satandygyny belledi.Burnt Hair alyjylara indiki ýyl ugradylyp başlanar diýip, The Wall Street Journal belleýär.
Ozal milliarder Boring-iň erkek adamlary köpçüligiň içinden tapawutlandyrjak atyr boljakdygyny habar beripdi.Ol twitterde meňki ýaly familiýaly adamyň (Musk iňlis dilinden terjime edilende müşk diýen manyny berýär) parfumeriýa söwdasyna baş goşman gitjek ýeri ýok diýip degişdi.
Men nä beýle uzak wagtlap muny boýun almakdan gaça durdumkam? — diýip, ol ýazýar.