Ilon Mask Twittere ýolbaşçy boldy

Ilon Mask Twittere ýolbaşçy boldy

Telekeçi Ilon Mask Twitter kompaniýasyna ýolbaşçy boldy, öňki ýolbaşçylyk bolsa onuň ştab-kwartirasyny terk etdi. Bu barada penşenbe güni CNBC teleýaýlymynyň habarçysy Dewid Feýber çeşmelere salgylanyp, habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

"Financial Times" gazetiniň çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, Mask kompaniýany satyn almak baradaky şertnamany eýýäm ýapdy.Soňra Maskyň özi hem kompaniýany satyn alandygy baradaky habara "guş erkinlikde" jümlesi bilen teswir berdi.

Muny ol Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda ýerleşdirdi. "Guş erkinlikde" - diýmek bilen, telekeçi şertnamanyň baglaşylmagyna reaksiýa bildirdi.Twitteriň logotipinde guş şekillendirilen.Sosial ulgamyň öz ady-da iňlis dilindäki "to tweet" (jürküldemek) işliginden gelip çykýar.

Ýene degişli makalalar

Mask halaýan audiokitaplarynyň sanawyny düzdi
Mask köp ýurtlar ilat sanynyň azalmagy sebäpli ýok bolar diýip hasaplaýar
Neuralink ikinji meýletinçiniň beýnisine çip oturtmakçy
20-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Ilon Mask adamyň älemi özleşdirmegi üçin million ýyl gerekdigini aýtdy
Ilon Mask Hytaýa bardy