Ilon Mask milliardlap dollaryndan mahrum boldy

Ilon Mask milliardlap dollaryndan mahrum boldy

Tesla elektrik ulaglaryny öndüriji kompaniýanyň eýesi, amerikaly işewür Ilon Mask bir hepdede 14,5 milliard dollaryndan mahrum boldy diýip, Forbes neşirine salgylanýan Trend ýazýar.

Häzir Maskyň maýasy 187,9 milliard dollara deňdir, onuň maliýe emlägi Tesla kompaniýasynyň bazar düşewüntliligine şübhelenme netijesinde azaldy. Emma muňa garamazdan, Ilon Mask iň baý amerikan işewüri hem-de dünýäde ikinji baý adam bolmagynda galýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, telekeçiniň emlägi 10,8 göterim azaldy, muňa bazaryň önümçilikçiniň çärýek döwür üçin hasabaty sebäp boldy, çünki Teslanyň ambarlarynda satylmadyk elektrik ulaglarynyň sanynyň iň ýokary derejede artandygy habar berlipdi. Bu kompaniýanyň bütin taryhynda onuň önümlerine islegiň iň pes derejä düşmegidir diýip, habar beriş serişdeleri ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
Ilon Mask bir günde 16 milliard dollaryny ýitirdi
Tesla kompaniýasy Optimus atly adam sypatly robotyň wideosyny çap etdi
Ilon Mask Hytaýa bardy
Mask halaýan audiokitaplarynyň sanawyny düzdi