Ilon Mask işden çykyp, bloger karýerasyna başlamak isleýär

Ilon Mask işden çykyp, bloger karýerasyna başlamak isleýär

Amerikaly telekeçi, Tesla-nyň ýerine ýetiriji müdiri we SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask işini taşlap, bloger işine başlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada iz.ru habar berýär.

Işewüriň abunaçylary onuň pikirine oňyn baha berdiler. Olaryň käbiri Maska şahsy YouTube kanalyny açmagy teklip etdi.

Mundan öňki habarynda telekeçi League of Legends onlaýn kompýuter oýnundan kadr ýerleşdiripdi. Şunuň bilen baglylykda, ulanyjylar Tesla-nyň ýolbaşçysy strimer bolar diýip çakladylar. Bu barada “Gazeta.ru” belleýär.

Belläp geçsek, “Forbesiň” milliarderler reýtinginiň maglumatlary boýunça, 1-nji noýabrda Mask baýlygy 300 mlrd dollardan geçen ilkinji adam boldy. Häzirki wagtda onuň baýlygy 263 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask bir günde 16 milliard dollaryny ýitirdi
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
Ilon Mask Hytaýa bardy
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
“Tesla” arzan elektroulag öndürer