Amerikaly işewür, Tesla awtoulag kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask Pekine garaşylmadyk sapar bilen bardy. Bu barada Gonkongyň South China Morning Post gazeti habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.
Habarda Maskyň 4-nji maýa çenli dowam etjek Auto China 2024 Pekin awtoulag salonyna gatnaşmagynyň mümkindigi bellenýär. Işewür sürüjisiz awtoulaglar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakçy.
Ilon Mask saparyň ilkinji güni Hytaýyň Premýer-ministri Li Sýan bilen duşuşdy. Duşuşykda Sýan Tesla ulaglarynyň Hytaýdaky önümçiliginiň artdyrylmagyna iki ýurduň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň nyşany hökmünde baha berýändigini nygtady. Bu barada The Beijing News gazetine salgylanýan Iz.ru ýazýar.