
Forbes žurnalynyň wersiýasy boýunça dünýäniň iň baý adamy Ilon Mask bir gije-gündizde 16,1 milliard dollaryny ýitirdi diýip, Bloomberg neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Habarda işewüriň emläginiň onuň Tesla kompaniýasynyň 2023-nji ýylyň üçünji çärýegi boýunça şowsuz maliýe görkezijileri bilen baglylykda kemelendigi bellenýär. Ýagny Teslanyň paýnamalary pes girdejilik we satuwlar sebäpli çärýek hasabaty çap edilenden soňra 9,3 göterim arzanlady.
2023-nji ýylyň aprelindäki hasabata görä, Maska Tesla ulaglaryny öndüriji kompaniýanyň paýnamalarynyň 13 göterime golaýy degişlidir.
Bloombergiň ýazmagyna görä, Ilon Mask şu ýyl 72,6 milliard dollar girdeji gazandy.