Amerikaly işewür we milliarder Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyndaky öňdäki ornuny elden giderdi. Bu gezek onuň ornuny LVMH (LVMH Moet Hennessy Louis Vuitton) gymmatbaha harytlary öndüriji, fransuz milliarderi Bernar Arno we maşgalasy eýeledi diýip, Forbes neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.
Neşiriň ýazmagyna görä, Maskyň emlägi häzir 184,6 mlrd dollar, Arnonyň we onuň maşgalasynyň emlägi bolsa 185,1 mlrd dollar bahalanýar.
Arno degişli bolan LVMH kompaniýasy Louis Vuitton, Givenchy, Guerlain, Kenzo, Moet & Chandon, Hennessy ýaly belli brendleriň astynda gymmatbahaly harytlaryň önümçiligi bilen meşgullanýar. Kompaniýanyň baş edarasy Parižde ýerleşýär.