Amerikaly milliarder Ilona Maska degişli Space X kompaniýasynyň wekiliýeti şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşar. Bu forum dünýäniň 40 ýurdundan 500-den gowrak hünärmenleri bir ýere jemlär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň pres-relizinde habar berilýär.
Çeşmede bellenilişi ýaly, Aşgabatda geçiriljek Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023 forumyna Space X bilen bir hatarda, Airbus, Boeing, General Electric, Lufthansa, Cargo Lux, Fly Dubai, Turkish Airlines, Dragon Oil, Vitol, Lukoil, Lenovo, Hyundai, Toyota, Casale hem-de Sumitomo ýaly dünýä belli kompaniýalaryň ençemesi gatnaşar.
Ýeri gelende bellesek, bu halkara forumda pandemiýadan soňky dikeldiş we halkara ulag ulgamyndaky täze ýagdaýlara uýgunlaşmak, netijeli halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň logistika kompaniýalarynyň we ulag-logistika ulgamyna ýöriteleşen halkara guramalaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Forumyň mejlislerine BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýa Ösüş Banky ýaly köp sanly halkara we maliýe guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalar gatnaşarlar.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň ulag we logistika pudagynyň soňky gazananlaryny görkezýän Ulag we logistika halkara ýöriteleşdirilen sergi guralar. Sergide awtoulag öndürijileri we söwdagärler, logistika merkezleri, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, deňiz portlarynyň, howa menzilleriniň we demir ýollarynyň administrasiýalary üçin enjamlar bilen üpjün edijiler tanyşdyrylar.