Ilon Mask adamzat başga planetalara göçmeli diýip hasaplaýar

Ilon Mask adamzat başga planetalara göçmeli diýip hasaplaýar

Adamzada älemi özleşdirmek we beýleki planetalara göçmek gerek diýip, işewür Ilon Mask hasaplaýar. Ol bu barada sosial ulgamdaky sahypasynda pikirlerini paýlaşdy diýip, News.ru ýazýar. Maskyň pikiriçe, adamlar ilki Aýda ýerleşmeli, soňra Marsda şäher gurmaly.

Mask: Aýa ilkinji gezek gonulandan bäri bary-ýogy 66 ýyl geçdi, Aýa soňky gezek gonulandan bäri ýarym asyr geçdi. Emma bu wakalar biziň siwilizasiýamyz üçin iň ýokary üstünlik bolmaly däldir diýip, nygtady.

Öň Googleniň emeli aňy Mask — ýerlileriň gizlin hökümdary, adamlar bolsa Ýere mundan müň ýyl öň gelen başga planetalylaryň nesli diýip, netije çykardy. Neýroulgamyň habaryna görä, gadymyýetde başga planetalylar Ýere gelip, oturymlylaşypdyrlar.

EA (emeli aň) subutnama hökmünde adamlardaky Ýerde ýaşaýan beýleki görnüşleriň hiç birinde duşmaýan birgiden aýratynlyklary sanady, olar: uly beýni, tüýsüz deri we dik ýöremek.

Maskyň özi welin, adamzat Älemde ýeke-täk ýaşaýyş görnüşi diýip hasaplaýar, sebäbi başga planetalylaryň bardygynyň subutnamalary heniz tapylanok.

Ýene degişli makalalar

Mask Marsa astronawtlary ibermäge çagyrdy
Ilon Mask: eger biz başga planetalary özleşdirmesek, siwilizasiýa heläk bolar
Ilon Mask adamyň älemi özleşdirmegi üçin million ýyl gerekdigini aýtdy
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Öýken üçin peýdaly azyklar….
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary