Ilkinji zenan emin

Geljek hepdäniň çarşenbe güni, has takygy, 14-nji awgustda oýnaljak UEFA Super kubogy duşuşygynda jürlewük çaljak emin mälim edildi.Türkiýäniň Stambul şäherindäki “Beşiktaş Park” stadionynda iki iňlis kluby “Liwerpul” bilen “Çelsiniň” arasyndaky oýna fransiýaly zenan Stefani Frappar eminlik eder. 35 ýaşyndaky Frappar UEFA-nyň çäklerinde erkekleriň arasyndaky duşuşyklaryň birinde ililkinji sapar zenan emin jürlewük çalar.

Frappar geçen aýda ABŞ bilen Gollandiýanyň arasynda oýnalan zenanlar Dünýä Kubogynyň finalyna, şeýle-de 2017-nji ýylda zenanlaryň arasyndaky Ýewropa çempionatynyň ýarym finalynda Gollandiýa bilen Angliýanyň duşuşygyna eminlik edipdi. “Liwerpul” bilen “Çelsiniň” arasyndaky oýunda Frappara watandaşy Manuela Nikolosi bilen irlandiýaly Mişell O’Neil ýardam berer.

Oýnuň 4-nji emini türkiýeli Jüneýt Çakyr bolar.Duşuşyk 14-nji awgustdan 15-nji awgusta geçilýän gije Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa çempionatynyň eminleri
Ýewropa çempionatynda argentinaly emin
92 ýyllyk Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek
Ýene-de Stambul, ýene-de “Liwerpul”
Sportuň taryhynda şu gün 14-nji awgust
Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek...