Ilkinji zawodyny gurar

Fransiýa Ýewropada awtoulag senagatynyň ösen ýurdy hasaplanýar.Soňky ýyllarda bolsa, elektroulaglaryň sany barha artyp, ýurtda elektroulag üçin gerek bolan käbir ätiýaçlyk şaýlary daşary ýurtlardan satyn alynýar.

Elektroulaglaryň iň esasy bölegi bolsa batareýalar hasaplanýar we bu ugurda dünýäde ABŞ hem-de Hytaý öňdeligi eýeleýär.Awtoulag senagatyndaky bu ýetmezçiligiň öňüni almak we bu bazardan has köp paý almak üçin ýurtda ilkinji batareýa zawody gurlar.

Bu zawod ýurtda durmuşa geçirilýän täzeden senagatlaşmak taslamasynyň çäklerinde gurlar.Iri önümçilik desgasyny TotalEnergies, Mercedes-Benz, Peugeot, Fiat we Chrysler ýaly brendlere eýeçilik edýän köpmilletli Stellantis toparynyň bilelikde döreden Automotive Cells Company kompaniýasy gurar.

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda 2035-nji ýyla çenli adaty ýangyçly ulaglaryň satuwy gadagan ediler. Mundan ozal Ýewropa ýurtlarynda ýakyn ýyllarda 50-den gowrak batareýa zawodynyň guruljakdygy mälim edilipdi.

Fransiýa 2030-njy ýyla çenli her ýylda iki million elektroulag öndürmegi meýilleşdirýär.

Tylla HOJAGULYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada awtoulag satuwy artdy
Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy
Ýewropadaky elektroulag satuwy artýar
Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
“Toyota” we “Stellantis” hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Ferrari Stellantis-den ozdy