Moto GP boýunça möwsümiň 5-nji ýaryşy Awstriýa Gran Prisinde portugaliýaly Miguel Oliweira ýeňiji boldy.Awstriýanyň Spilberg şäherindäki Red Bull trassasynda geçirilen 28 aýlawlyk ýaryş 16-njy aýlawda ispaniýaly Mawerik Winýalesiň heläkçilige uçramagyndan soň, gysga wagtlyk togtadyldy.
Trassanyň arassalanmagyndan soň, galan 12 aýlaw üçin ýaryşa täzeden bat berildi. Ýaryşyň soňky öwrüminde 2 garşydaşynyň deňinden geçmegi başaran Red Bull KTM Tech 3 toparynyň sürüjisi Miguel Oliweira ýeňiş gazandy.
Bu onuň Moto GP-däki ilkinji ýeňşidir. Ýaryşda 2-nji ýeri Pramac Ducati toparynyň awstraliýaly sürüjisi Jek Miller eýeledi.Ilkinji hatardan bat alan Red Bull KTM Factory toparynyň ispan sürüjisi Pol Espargaro 3-nji ýeri bilen oňňut etmeli boldy.
Geçirilen 5-nji ýaryşdan soň 70 utuk toplan Fabio Kuartararonyň liderligi dowam edýär. Andrea Dowizioso 2-nji, Jek Miller 3-nji hatarda barýar. Möwsümiň 6-njy Gran Prisi 13-nji sentýabrda San Marinoda geçiriler.