Ilkinji ýaryşda Bottas ýeňiş gazandy

Formula 1 boýunça möwsümiň ilkinji ýaryşy Awstriýada geçirildi.Spilberg şäherinde geçirilen 71 aýlawdan ybarat bolan bäsleşikde Mercedes toparynyň sürüjisi, finlýandiýaly Waltteri Bottas ýeňiş gazandy.Ilkinji hatardan bat alan Bottas 1 sagat 30 minut 55,739 sekuntda pellehana gelmegi başardy.

Bu onuň karýerasyndaky 12-nji ýeňşidir.Bottasdan 2,7 sekunt yza galan Ferrariniň monakoly piloty Şarl Lekler 2-nji, McLaren toparynyň 20 ýaşly britan sürüjisi Lando Norris 3-nji ýeri eýeledi.

Aslynda ýaryşy soňky çempion, britaniýaly Lýuwis Hamilton (Mercedes) 2-nji hatarda tamamlady. Ýöne Red Bulluň sürüjisi Aleksander Albona päsgelçilik döredendigi üçin 5 sekuntlyk jerime alan Hamilton 4-nji orun bilen kanagatlanmaly boldy.

Soňky aýlawlary diýseň dartgynly we çekeleşikli geçen ýaryşda ispaniýaly Karlos Saýns 5-nji orunda tamamlady. 9 sürüjä bäsleşigi tamamlamak başartmady.Möwsümiň 2-nji ýaryşy ýene-de Awstriýada 12-nji iýulda, ýagny ertir geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Independent Formula-1-da iň ýokary aýlykly sürüjileri mälim etdi
Öz rekordyny täzeledi
Yzly-yzyna 4-nji çempionlygyny baýram etdi
Karýerasyndaky ilkinji ýeňşi
Çempionyň 50-nji ýeňşi
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy