Ilkinji ýarym finalçy Ispaniýa, ýer eýeleri öýlerinde galdy

EURO 2024-de ilkinji ýarym finalçy Ispaniýanyň ýygyndysy boldy. Ştutgartda geçirilen çärýek final duşuşygynda Ispaniýanyň ýygyndysy ýer eýeleri Germaniýa bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 8-nji minutynda ispanlardan Pedri şikes alyp, ornuna Dani Olmo meýdança girdi.

Olmonyň girmegi oýnuň ykbalyny uly täsir etdi.Birinji ýarymy golsuz geçen duşuşygyň 51-nji minutynda şol Olmo hasaby açdy. Şondan soň Germaniýanyň ýygyndysy hüjümlerini hasam ýygjamlaşdyrdy we oýnuň ahyrlarynda hasaby deňlemegi başardylar. 89-njy minutda Kimmihiň pasyndan soň oýna soň goşulan Florian Wirts hasaby deňledi we duşuşygyň esasy wagty 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Goşmaça wagtda-da iki topar hem erjel oýun görkezdi.Duşuşygyň 119-njy minutynda Olmonyň pasynda oýna soň giren başga bir futbolçy Mikel Merino ispanlary öňe saýlady.Bu oýundaky soňky gol boldy.

Galan pursatlada-da nemesler hasaby deňläp ýetişmediler.Duşuşygyň 120+6-njy minutynda Dani Karwahal 2-nji sarydan soň gyzyl kat aldy.Netijede, Ispaniýanyň ýygyndysy goşmaça wagtda 2-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, ilkinji ýarym finalçy boldy.

Ispaniýanyň ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek uly ýaryşlarda goş’maça wagtda hem bolsa, ýer eýelerini ýeňlişe sezewar etdi.

Germaniýanyň ýygyndysy üçin bolsa, özlerindäki ýaryş wagtyndan ir tamamlandy. Germaniýanyň ýygyndysy çärýek finaldan yzyna gaýdan ilkinji ýer eýesi boldy.

Ýarym finalda Fransiýa ýa-da Portugaliýa bilen duşuşjak Ispaniýanyň düzüminde indiki oýunda Karwahal hem-de Morata jerimeleri sebäpli çykyş etmez. Ispaniýanyň ýygyndysy soňky 5 ýaryşda 3-nji gezek, bassyr 2-nji sapar ýarym finalda oýnar.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Ilkinji ýarym finalçy Ispaniýamy ýa-da Germaniýa?
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
“Borussiýa Dortmund” Baýeri transfer etdi
Elektriki Mercedes-Benz zarýad bermesiz 1200 kilometrden gowrak aralygy geçdi
ABŞ-nyň Harby Goşunynda Maýmyn Mama Keseline Gabat Gelindi