Wýetnamyň ilkinji ýerli awtoulagymüşderilere ýetirilip başlandy. “Ferrari” kompaniýasynyň dizaýnyny amala aşyrýan “Pininfarina” şereketiniň işläp düzen heçbek ulagynda “Opel Karl Rocks” modeliniň şassisi ulanylypdyr. Ýurduň ilkinji awtoulagy “Toyota”, “Ford”, “Honda” ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bäsdeşlik eder. “VinFast” atly kompaniýanyň öndüren ilkinji modeli “FADIL”-iň bahasy 16 müň 900 dollardan başlaýar.
Bary-ýogy iki ýyldan hem az wagtda 6 zawod gurup, önümçiligi ýola goýan “VinFast” golaý geljekde BMW platformasynda döredilen SUV hem-de sedan modellerini hem satuwa çykarar.Bu ulaglar geçen ýylyň oktýabrynda Parižde “The Lux A.20” hem-de “SA2.0” ady bilen tanyşdyrylypdy.
Ilkinji nobatda, içerki bazarda satylyp başlanan ulag geljekde Aziýa, ABŞ we Ýewropa ýurtlaryna eksport ediler.Gozgalmaýan emläk pudagynda iş alyp barýan “Vingroup” kompaniýasynyň awtoulag öndürmäge gönükdirilen şahasy hasaplanýan “VinFast” häzire çenli jemi 3,5 milliard dollar özleşdirip, ýurduň Haýfon port şäherinde önümçilik desgalaryny gurdy.
Ilkinji nobatda, her ýylda 250 müň ulag öndürjek şereket 2025-nji ýyla çenli bu görkezijini iki esse artdyrar.Şereket elektrik energiýasy bilen işleýän motosikl we awtobus önümçiligini hem ýola goýar. Şereketiň ýolbaşçylary eýýäm 10 müň awtoulag we müňlerçe motosikl sargydyny alandyklaryny aýdýarlar.
Wýetnamda global kompaniýalaryň önümçilik desgalary hem bar. 96 million töweregi ilaty bolan ýurtda şu ýylyň 5 aýynda awtoulag satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 22 göterim ýokary bolupdyr.